Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukman Hursanaý Ismatullaýewa dokuz ýyl azatlykdan mahrum edildi


Hursanaý Ismatullaýewa
Hursanaý Ismatullaýewa

"Turkmen.news" doktor Hursanaý Ismatullaýewanyň dokuz vyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berýär. Neşire gowşan maglumata görä, onuň jenaýat işi boýunça kazyýet seljermesi 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Aşgabadyň Büzmeýin etrap kazyýetinde, kazy Amanmuhammet Işangulýewiň ýolbaşçylygynda geçirilipdir.

Kazyýet höküminiň göçürmesinden görnüşine görä, özüniň bikanun işden boşadylandygyny subut etmäge çalşan lukman dokuz ýyl azatlykdan mahrum edilip, umumy düzgünli koloniýa iberilipdir.

Hökümiň 1-nji sahypasy
Hökümiň 1-nji sahypasy

Günälenýän Jenaýat kodeksiniň 228 maddasynyň 4-nji bölegi, aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly edilen galplykda (8 ýyl); 228-nji maddasynyň 2-23nji bölegi, dokumentleri, möhürleri, blankalary galplaşdyrmak, galp dokumentleri ulanmakda (2 ýyl 10n aý);

114-nji maddanyň 2-nji böleginde, alaçsyz we mätäç ýagdaýdaky adama rehimsiz çemeleşmekde (2 ýyl) günäli tapylypdyr.

Şeýle-de, 9 ýyl türme tussaglygynyň daşyndan, Ismatullaýewa jedelli kwartirany satyn alan hökmünde ady geçýän Bike Mämmedowa 270 manat tölemeli edilipdir.

Hursanaýyň awtoulagynyň bahasynyň bir bölegi ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga gönükdirilse, galan serişde döwlet haýryna geçirilipdir, şeýle-de, Ismatullaýewanyň kwartirasyndan alnan kompýuter enjamlary we telefonlary konfiskasiýa edildi diýip, habarda aýdylýar.

Döwlet prokuraturasynyň aýyplamasyna laýyklykda, Ismatullaýewa 2016-njy ýylyň 13-nji iýunynda, Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň Ökdirow köçesinde ýerlerşýän 26-njy jaýyň 72-nji kwartirasyny hususylaşdyrmak üçin 1949-njy ýylyň 2-nji aprelinde doglan raýat Wýaçeslaw Leonidowiç Şapowalowyň ynanç hatyndaky goly galplaşdyrýar. Şapowalow halsyz, öz hereketlerine jogap berip bilmeýän ýagdaýda ýatyrdy we lukman, emlägini ele geçirmek üçin, onuň ynamyndan hyýanatçylykly peýdalandy.

Ismatullaýewa başga adamyň goluny galplaşdyrmak bilen, Bezmeýin notariusynda, öz tanşy H.Kuliýewiň notarius bolup işleýän edarasynda hususyladyrmak baradaky resminamalary tassyklaýar. Soňra ol, 2018-nji ýylyň 16-njy martynda gürrüňi edilýän kwartirany satmak we satyn almak baradaky şertnama boýunça ýene bir gezek gol galplaşdyrýar.

Şol notariusda hasaba alnan resminama laýyklykda, ýaşaýyş jaýy lukmanyň adyna geçirilýär. Ylalaşyga görä, lukman Şapowalowa 80 müň manat tölemeli dilýär, ýöne ol bu puly tölemeýär.

"Turkmen.news" neşiriniň ýazmagyna görä, Ismatullaýewa özüne çykarylan hökümdäki aýyplamalaryň ählisini ret edýär.

Garaşsyz neşiriň hökümiň göçürmesi esasynda ýazan synynda aýdylmagyna görä, Ismatullaýewa öz tanşy Anna Boçarowanyň adamsynyň dogany Wýaçeslaw Şapowalowyň gynançly ýagdaýy, aýagy döwlüp, ýöräp bilmän ýatandygy hakda gürrüň berip, özünden kömek sorandygyny aýdýar. Şondan soň ol Wýaçeslawa esewan edýär, oňa azyk getirýär we beýleki zerur kömekleri edýär.

Ismatullaýwanyň görkezmesine laýyklykda, ol Boçarowanyň haýyşy esasynda Wýaçeslawyň jaýyny hususylaşdyrmaga kömek edýär we, işde ady geçýän norarius Kuliýewiň Şapawolaowyň näsagyň öýüne gelip, onuň özüne seredýän lukmana ynanç hatyny bermäge razy bolandygyna göz ýetirmegi netijesinde, bu işleriň kanun esasynda amala aşyrylandygyny öňe sürýär.

Emma muňa garamazdan, hökümde aýdylmagyna görä, Ismatullaýewa diňe keseki bir adamyň jaýyny ele geçirip oňman, Şapawalowyň agyr ýagdaýyndan peýdalanyp, hamala onuň öz daş-töwereginde bolýan zatlara düşünmezligi netijesinde, 2019-njy ýylyň güýzünde onuň jaýynda garry we maýyp adamlary hem ýerleşdirýär.

Şol bir wagtda, ruhy taýdan näsag diýilýän adam, näme üçindir, şaýatlaryň görkezmelerine görä, goňşularyndan öz adyndan şäher saglyk bölümine arza azyp, özüni sosial edara ýerleşdirilmegini haýyş edýär. Kazyýet diňlenişigine çagyrylan goňşularynyň görkezmelerine laýyklykda, bu haýyş ýerine hem ýetirilipdir.

Şu aralykda, Ismatullaýewanyň 2020-nji ýylyň maý aýynda Şapowalowdan satyn alan kwartirasy Bika Mämmedowa satylýar we döwlet notariusynda notarius Kuliýewiň üsti bilen gaýtadan satuw we satyn alyş şertnamasy baglaşylýar.

Şeýlelikde, kazyýet Hursanaý Ismatullaýewany uly möçberde zyýan ýetirmek bilen bagly kezzaplykda aýyplady. Bu hili jenaýat üçin 15 ýyla çenli iş kesip bolýar, emma lukman 9 ýyl aldy diýip, garaşsyz neşir bu hökümiň galplaşdyrma esasynda, görnetin günäkärlemek niýeti bilen çykarylandygyny öňe sürýär.

Türkmenistanda höküm bilen tanşan bir hukukçynyň sözlerine görä, "bu ýerde asla galplyk ýok". Şeýle-de ol, eger-de kazyýet bu işde galplyga ýol berlendigini tassyklaýan bolsa, näme üçin bu işe gatnaşan beýleki resmi adamlar hiç bir jenaýatda aýyplanman, ala-böle Ismatullaýewa günäli tapyldy diýip soraýar.

"Turkmen.news" Ismatullaýewanyň Şapawalowyň goluny galplaşdyrandygy baradaky aýyplamanyň – dokuz ýyllyk türme tussaglygynyň esasynda ýatan esasy günäniň hiç bir jähtden subut edilmändigini belleýär we ony ýananlaryň çykarylan hökümiň göçürmesiniň syzyp çykjagyny nazara almandyklaryny aýdyp, bu işiň syýasy tarapyna ünsi çekýär.

Neşir bu işiň syýasy sebäpleri baradaky delillerini Ismatullaýewanyň halk içinde MHM-niň ýerzemini diýlip bilinýän tussaghanada, Aşgabadyp Žitnikow köçesindäki deslapky jeza öýünde saklanmagy, onuň ähli tehniki enjamlarynyň konfiskasiýa edilmegi bilen baglanyşdyrýar.

Hursanaý Ismatullaýewanyň öýünden alnan ähli enjam Içeri işler ministrliginiň kazyýet merkezinde gözden geçirildi, hünärmen bu enjamlarda tapylan zatlary jikme-jik beýan edýär diýip, neşir lukmanyň ýanalmagynyň esasy sebäbiniň onuň öz hak-huklaryny goramaga çalyşmagy baglydygyny öňe sürýär.

Sebäbi IIM-niň hünärmeni enjamlary barlap çykaran netijesinde aýyplanýanyň enjamlarynda ýüze çykarylan, gizlinlikde internete girmek üçin ulanylýan VPN we OpenVPN programmalary, “SofiEthar VPN Client manager» hem-de Wi-Fi baglaýjysyna parolsyz girmek üçin ulanylýan “Dupper V.91.2” programmalarynyň we beýlekileriň tapylandygyny ýazypdyr.

Bu Ismatullaýewanyň daşary ýurtlardaky hukuk goraýjylaryň kömegi bilen öz kanuny hukuklaryny gorama çalşandygy üçin jezalandyrylandygyny aňladýar diýip, habarda bellenýär.

Mundan öň türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň telefonlaryny barlap, petiklenen saýtlara girýän adamlary gorkuzmak praktikasyny ulanýandygy habar berlipdi. Emma türkmen kanunçylygy raýatlaryň maglumat almak we bermek hukuklaryny ykrar edýär.

"Türkmen.news" we beýleki garaşsyz neşirler mundan öň H.Ismatullaýewanyň öz iş hukuklaryny talap edeninden soň ýanalyp başlandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG