Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek serhedinde ýapylan iki geçelge gaýtadan açyldy


Mundan öň Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedindäki ýeke geçelge, Farab-Alat barlag nokady işleýärdi.
Mundan öň Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedindäki ýeke geçelge, Farab-Alat barlag nokady işleýärdi.

Özbegistanyň Transport ministrliginiň Telegram kanalynda berlen maglumata görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki Köneürgenç-Hojeýli we Daşoguz-Şawat barlag nokatlary ýene-de ýük geçirip başlady.

COVID-19 epidemiýasy sebäpli 2020-nji ýyldan bäri ýapyk duran serhet geçelgelerini açmak meselesi 18-nji noýabrda, transport we logistika boýunça özbek-türkmen iş toparynyň onlaýn ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Harytlary daşamak, ähli sanitariýa ülňülerine laýyklykda, ýük tirkeglerni galtaşmazdan alyş-çalyş etmek arkaly amala aşyrylar.

Mundan öň Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedindäki ýeke geçelge, Farab-Alat barlag nokady işleýärdi. Indi açyk geçelgeleriň sany üçe ýetdi.

Soňky açylan iki geçelge Farab-Alat barlag nokadyndan geçirilýän ýükleri düýpli azaldar.

Iki ýurduň arasyndaky iki serhet geçelgesiniň gaýtadan açylmagy özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana etjek saparynyň öň ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG