Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň esasy ok-däri zawodynda partlama, ýangyn boldy


Arhir suraty. Dzeržinsk, 1-nji iýun, 2019.
Arhir suraty. Dzeržinsk, 1-nji iýun, 2019.

Russiýanyň Dzeržinsk şäherindäki ok-däri zawodynda birnäçe partlamanyň bolandygy habar berildi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatda peýda bolan ilkinji habarlarda partlamalar netijesinde ölen ýa ýaraly bolan adamlaryň sany anyklaşdyrylmady.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi wakanyň bolan ýerinde iş geçirýändigini tassyklady we ýene partlama bolmak ähtimallygy barada duýduryş berdi.

Dzeržinsk şäher häkimligi zawodda ýangyn turandygyny aýtdy.

Zawodyň web sahypasynda berlen maglumata görä, bu Russiýanyň iň uly goranyş senagaty zawody hasaplanýar. Zawoddaky önümleriň 30 göterimini ok-däriler, galan bölegini esasan senagat maksatly partlaýjy we himiki önümler düzýär.

Bu zawodda 2018-nji ýylyň awgust aýynda bolan partlamada we ýangynda alty işçi öldi, 2020-nji ýylyň iýul aýynda bolsa zawodda himiki syzma sebäpli üç işçi keselhana ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG