Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda, agdarylyşyk aýyplamalary arasynda, parlament saýlawy geçirilýär


Ses berijiler
Ses berijiler

Gyrgyzystanly saýlawçylar 28-nji noýabrda Merkezi Aziýa döwletiniň bir ýyldan gowrak wagtyň içinde gçirýän dördünji uly ses berişligine gatnaşdylar. Ýerli wagt bilen sagat 14: 00-a çenli, Merkezi saýlaw komitetiniň maglumatyna görä, saýlawçylaryň 16 göteriminden gowragy ses berdi.

Bu görkeziji ses berenleriň 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen parlament saýlawlarynda sagat 14:00-a çenli ses beren saýlawçylaryň sanyndan 12 göterim azdygyny görkezýär.

Parlament saýlawlaryndan birnäçe gün öň, häkimiýetler ses berişlikden soň agdarlyşyk gurnamakda aýyplap, 15 adamy tussag edendiklerini habar berdiler.

Soňky iki onýyllykda dörän köçe protestleri Gyrgyzystanda hökümetiň üç gezek agdarylmagyna we, şol sanda, geçen ýylky ses berişlikden soň, häzirki prezident Sadyr Žaparowyň, türmeden boşadylmak bilen, häkimiýet başyna gelmegine sebäp boldy.

Žaparow prezident saýlawyny we şol bir wagtda-da, prezidente has köp ygtyýarlyk berýän konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçirdi. Tankytçylar onuň bu gören çäresini has kän ygtyýarlyk almak üçin göçülen göçüm hökmünde häsiýetlendirdiler.

Häzirki saýlawlar geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen we, kampaniýa bidüzgünçilikleri we adalatsyz ses sanaýyş praktikalary diýilýänler üstünde dörän baş-başdak protestler sebäpli, Merkezi saýlaw topary tarapyndan derrew netijeleri ýatyrylan parlament saýlawynyň gaýtalanmagy bolup durýar.

Bir palataly parlamentdäki ýa-da Ýokarky geňeşdäki 90 orun üçin ýigrimi bir partiýa we ýüzlerçe etrap dalaşgäri bäsleşýär.

XS
SM
MD
LG