Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarynda towuk etiniň we Pepsiniň "arzançylygy we bolçulygy" döredildi


"Gülüstan" bazarynda satuwa çykarylýan arzan towuk we onuň ýany bilen satylýan tüwi.
"Gülüstan" bazarynda satuwa çykarylýan arzan towuk we onuň ýany bilen satylýan tüwi.

Türkmenistanda azyk önümleriniň döwlet dükanlaryndaky gytçylygynyň we hususyýetçilerdäki gymmatçylygynyň fonunda, Aşgabadyň häkimiýetleri dekabr aýynda belleniljek baýramçylyklaryň öň ýanynda, käbir harytlaryň "arzançylygyny we bolçulygyny" döretmäge çalyşýar. Şol bir wagtda, subsidirlenen azyk önümleriniň ilata öz wagtynda paýlanmagy bilen bagly bökdençlikler hem saklanýar. Paýtagtyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna noýabr aýynyň dowamynda azyk paýy bir gezek hem paýlanmady. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtdan habar berýärler.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler Aşgabadyň "Gülüstan" bazarynda iç goşy aýrylan, doňdurylan tutuş towuk ilata çäkli möçberde satylyp başlandy. Gaplanan towugyň bir kilogramy 32 manat bahalanyp, ýaşaýjylar onuň agramyna görä pul töleýärler. Towuk etiniň bir kilogramy hususy söwdada 50-60 manada barabardyr.

Häkimiýetler bir tarapdan, ilata arzan bahadan towuk hödürleýän mahaly, beýleki tarapdan, munuň ýany bilen bir kilogram tüwini 15 manatdan satyn almaga mejbur edýär. Ilatyň boýnuna dakylýan bu tüwi hususyýetçilerde 10 manat bahalanýar.

"Alyjylar gaharlanýarlar, ýöne tüwini satyn almasaň, towugy satmaýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 29-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, häkimiýetler bir gutusy 45 manat bahalanýan "Pepsi" gazly içgini satuwa çykardy. Onuň bir gutusy 45 manat bahalanýar. Bir gutuda 12 sany "Pepsi" gazly içgi bolup, onuň her biri 3 manat 75 teňňä deň. Onuň hususy söwdadaky bahasy 5 manada barabardyr.

"Alyjylar "Pepsini" uly isleg bilen satyn alýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ýatlatsak, anna güni habarçymyz paýtagtyň "Gülüstan" bazarynda bir kilogramy 35 manada barabar bolan etiň çäkli möçberde satylyp başlanandygyny hem habar beripdi. Şonda habarçymyz hususy söwda nokatlarynda 65-100 manat aralygynda bahalanýan eti satyn almak üçin ýüzlerçe adamyň ir bilen, bazar açylmanka nobata durup başlaýandygyny aýtdy.

Aşgabadyň bazarynda döredilen azyk "arzançylygy we bolçulygy" prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy we Täze Ýyl mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Prezident Ministrler Kabinetiniň 16-njy noýabrdaky mejlisinde bular bilen bagly geçiriljek çäreleriň diňe paýtagtda däl, eýsem, ýurduň welaýatlarynda hem köpöwüşginli, ýatdan çykmajak çärä öwrülmelidigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda söwda nokatlarynda "azyk harytlarynyň arzançylygyny we bolçulygyny" ýola goýmaga çalyşýar. Munuň netijesinde bazarlarda käbir harytlaryň adatdan daşary "arzançylygy we bolçulygy" wagtlaýyn döredilýär. Bu "bolçulyk" baýramçylygyň yzýany aradan aýrylýar.

Türkmenistanda indi bäş ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda azyk önümleriniň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy we döwlet dükanlaryndaky gytçylygy her aý diýen ýaly ýitileşýär.

Bu aralykda, Aşgabatdaky beýleki bir habarçymyz käbir etrapçalaryň ýaşaýjylaryna noýabr aýynyň dowamynda azyk paýynyň bir gezek hem paýlanmandygyny habar berýär.

"11-nji etrapçadaky käbir, şol sanda 4-nji dükana degişli köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary noýabr aýynda bir gezek-de azyk paýyny alyp bilmediler. Bu dükan indi köp wagt bäri kadaly azyk paýlamaýar. Ýaşaýjylar azygyň näme üçin özlerine paýlanmaýandygy bilen gyzyklanyp, dükana barýarlar. Ýöne satyjylar "baryň, kime, nirä ýazsaňyz şoňa ýazyň, hatda prezidente ýazyň" diýip, olaryň ýüzüni alyp goýberýärler" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjy 29-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz şu aý ösümlik ýagynyň azyk paýynyň sanawyndan çykarylandygyny hem habar berýär. Onuň sözlerine görä, dükan satyjylary 30-njy etrapçanyň ýaşaýjylaryna mundan beýläk ösümlik ýagynyň getirilmejekdigini duýdurdylar.

"Iki sany towuk buduny, bir kilogram şekeri, 15 sany towuk ýumurtgasyny 55 manada satdylar. Azyk paýlary getirilende, işde bolan ýaşaýjylara azyk paýyny bermeýärler. Bu ýaşaýjylar işden gelensoň, özlerine degişli dükanlara barsa, olara azyk paýynyň ýokdugyny aýdýarlar" diýip, ýaşaýjy belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG