Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda polisiýa Şinjiangdaky tussaglary boşatmak boýunça proteste çykan demonstrantlary saklady


ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2 million çemesi uýgur, gazak we Şinjiang welaýatynyň beýleki ýerli ilatynyň tussag merkezlerinde saklanýandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2 million çemesi uýgur, gazak we Şinjiang welaýatynyň beýleki ýerli ilatynyň tussag merkezlerinde saklanýandygyny habar berdi.

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda polisiýa Hytaýda ýakynlarynyň bikanun saklanýandygyny aýdyp, olaryň azat edilmegi boýunça proteste çykan demonstrantlaryň altysyny saklady.

29-njy noýabrda Hytaýyň Almatydaky konsulhanasynyň öňünde geçirilen ýöriş Hytaýyň Şinjiang sebitinde uýgurlaryň, gazaklaryň we musulmanlaryň azlykdaky beýleki etniki toparlarynyň köpçülikleýin ýagdaýda tussag edilmegine garşy Gazagystanda geçirilen demonstrasiýalaryň ýene biri boldy.

Protestçiler gazak resmilerinden Hytaýdaky etniki gazaklary goramak boýunça has köp tagalla etmegini talap etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2 million çemesi uýgur, gazak we Şinjiang welaýatynyň beýleki ýerli ilatynyň, esasanam musulman etnik toparlaryň agzalarynyň tussag merkezlerinde saklanýandygyny habar berdi.

Hytaý bu desgalaryň tussaghanadygyny inkär edýär. Emma welaýatdan gaçyp giden adamlar, Şinjiangdaky müňlerçe etniki gazaklaryň, uýgurlaryň we beýleki musulmanlaryň resmi taýdan terbiýeleýiş lagerleri diýlip atlandyrylýan desgalarda "syýasy öwüt" alýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG