Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside ozalky prezident Saakaşwiliniň sud diňlenişigi dowam edýär


Saakaşwili özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň ählisiniň syýasy äheňlidigini aýdýar.
Saakaşwili özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň ählisiniň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Tbilisiniň sudunda Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwiliniň üstünden geçirilýän sud diňlenişigi öz işini dowam etdirdi. Saakaşwili diňlenişigiň tertibiniň kanuna gabat gelýändigini sorag astyna aldy. Bu aralykda, suduň daşynda Saakaşwiliniň goldawçylary polisiýa bilen çaknyşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sebitden habar bermegine görä, Saakaşwili Gori şäherindäki harby keselhanadan 29-njy noýabrda Tbilisä ýörite enjamlaşdyrylan ulagda getirilipdir, şeýle-de onuň ýany bilen başga dört ulag we dikuçar gelipdir.

Sud diňlenişigine diňe döwletiň eýeçiligindäki bir habar serişdesi goýberildi.

Saakaşwili diňlenişik başlamazyndan ozal ýurduň prokuraturasyny, adalat ulgamyny, şeýle-de öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy boýunça bildirilýän aýyplamalary ykrar etmeýändigini aýdyp, çykyş edipdir. Ol özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň ählisiniň syýasy äheňlidigini hem belläpdir.

Azatlygyň habarçylary suduň daşynda Saakaşwiliniň goldawçylary bilen polisiýanyň arasynda kiçi çaknyşyklaryň ýüze çykandygyny, şeýle-de polisiýanyň göz ýaşardyjy gazy ulanandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG