Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) koronawirusyň Omikron görnüşiniň deslapky barlaglaryna görä onuň köpçülikleýin ýagdaýda ýaýramak howpunyň bardygyny, şeýle-de munuň “pajygaly netijeleriniň” bolup biljekdigini duýdurýar.
BMG-niň saglyk edarasynyň 29-njy noýabrdaky beýanaty geçen hepde Günorta Afrikada ýüze çykarylan koronawirusyň täze görnüşi boýunça eden iň güýçli duýduryşy boldy.
BSG-niň deslapky delillere salgylanyp habar bermegine görä, wirusyň “ozal görlüp-eşidilmedik derejedäki mutasiýa pytanaklary” onuň immun ulgamynyň jogabyndan sowa geçmegine, şeýle-de bir adamdan beýleki adama has aňsatlyk bilen ýokuşmagyna mümkinçilik döredýän bolmagy ähtimal.
Wirus bilen bagly ölüm ýagdaýlary bolmasa-da, Omikron juda tiz depginde ýaýraýar. Muňa jogap hökmünde barha köp ýurtlar öz serhetlerini ýapýarlar. Käbir saglyk ekspertleri bu çäklendirmeleriň wirusyň täze görnüşini seljermäge we waksinasiýa programmalaryny çaltaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýdýarlar.
Günorta Afrikada şu hepde bu wirusa gündelik ýolugýanlaryň sanynyň 10 müňden geçjekdigi çaklanylýar. Mundan iki hepde ozal bu görkeziji 300-e deňdi.
Lukmanlar wirusa ýoluganlaryň aram simptomlary başdan geçirýändigini aýdýarlar. Emma täze wirus bilen kesellänleriň aglabasy 20, 30 ýaşlaryndaky adamlar bolup, olar has uly ýaşly adamlarda bolşy ýaly COVID-19-y agyr geçirmeýärler.