Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhet geçelgeleri açylandan soň, Özbegistanda galan türkmen studentleri ‘watanyna dolanyp başlady’


Türkmen-özbek serhedi (arhiw suraty)
Türkmen-özbek serhedi (arhiw suraty)

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet geçelgeleriniň açylmagyndan soň, Özbegistanda galan türkmen studentleri watanyna dolanyp başladylar. Bu barada 29-njy noýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, 26-njy noýabrda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky “Hojeýli-Köneürgenç” we “Şawat-Daşoguz” serhet geçelgeleri açylypdyr.

Türkmenistanly studentleriň serhetden geçip bilmegi üçin, olar ilki Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasyna okuwyny tamamlandygy baradaky güwanamany we ýokary okuw jaýyna bergisiniň ýokdugy baradaky dokumenti görkezmeli. Bu dokumentleri tabşyran studentleriň hataryndan 20 adamdan ybarat toparlar düzülýär we olaryň watanyna dolanmagy boýunça sene kesgitlenýär. Mundan bir gün öň, olar Özbegistanyň döwlet saglyk edaralarynda COVID-19 boýunça testi tabşyrmaly. Topar ilçihananyň sanawyna laýyklykda serhetden geçirilýär.

Mundan soň, türkmen lukmanlary studentlerden koronawirus testini alýarlar. Eger-de COVID-19 ýüze çykarylmasa, olary öýlerine ugradýarlar.

Maglumatda okuwlaryny gutaryp bilmedik studentleriň iň soňky pursatda yzyna äkidiljekdigi bellenilýär.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary Özbegistanda galan türkmen studentleriniň Türkmenistana dolanyp bilmän, şol sanda pulsuzlykdan hem kösenýändiklerini habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG