Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda awtobus kireýleri bäş esse, hususy taksileriň nyrhlary 50% gymmatlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilen çäklendirmeleriň saklanyp galmagy, jemgyýetçilik awtobuslaryň kireýleriniň bäş esse gymmatlamagyna getirdi. Mundan başga-da, hususy eýeçilikdäki taksileriň kireý nyrhlary hem 50% ýokarlandy. Bu gymmatlamanyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.

"Maryda ýene kireý nyrhlary gymmatlady. Şu günler Baýramaly şäherinden Mary şäherine gaýtjak bolsaň, awtobuslar her ýolagçydan 5 manat alýar. Mundan bir aý çemesi ozal awtobuslaryň kireý nyrhy 1 manatdy" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran maryly ýaşaýjy 30-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Awtobus sürüjileriniň ençemesi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde bu gymmatlama welaýatda wirusyň ýaýramagyna garşy girizilen çäklendirmeleriň saklanyp galmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Awtobus gatnawlaryny gaýtadan dikeltdiler, ýöne häzir polisiýa her iki ädimde awtobusy saklap, ýolagçylaryň iki metr aralygy saklaýandygyny ýa saklamaýandygyny barlaýar. Şol sebäpden her bir setirde öň iki adam oturan bolsa, indi diňe bir adam oturtýarys. Öňler awtobusa 40-50 adam alýardyk, häzir ýolagçylaryň sany 10-12 adamdan geçmeýär. Biz maddy zyýan çekmejek bolup, kireý nyrhlaryny galdyrmaly bolduk" diýip, awtobus sürüjileriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny-da resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynyň ahyrynda girizilen berk karantin çäklendirmelerini noýabryň ortalarynda gowşadyp başlady. Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda käbir bazarlar, restoranlar we kafeler açyldy. Şeýle-de, käbir awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldildi.

Karantin çäklendirmeleri gowşadylyp başlanan bolsa-da, habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýurduň dürli künjeginde polisiýa işgärleri maska dakynmak we iki metr aralygy saklamak baradaky düzgünleriň berjaý edilişine berk gözegçilik edýär. Düzgüni bozan raýatlara 50-100 manat aralygynda jerime salynýar.

"Bu gözegçilikler, şeýle-de awtobuslaryň çäkli ýolagçy kabul etmegi hususy taksilere bolan talaby hem artdyrdy. Bu talap hususy taksileriň kireý nyrhlarynyň hem gymmatlamagyna getirdi. Taksiler her adam başyna 15 manat talap edýär. Mundan birnäçe hepde ozal olaryň nyrhy 10 manatdy" diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Şol bir wagtda, ol polisiýa işgärleriniň hususy taksilere ýeterlik gözegçilik etmeýändigini, olara bäş ýolagçy münse-de, hiç hili jerime salynmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Habarçymyz ýüzlerçe adamyň welaýatyň beýleki etrapdyr şäherlerinde işleýändigine ünsi çekip, awtobus we taksi kireýleriniň gymmatlamagynyň ykdysady kynçylyklar sebäpli ozal-da aýdan-aýa zordan güzeran aýlaýan köp maşgala has-da agram salýandygyny hem aýdýar.

"Adamlaryň işe gatnamagy üçin hiç hili şert ýok. Her gün taksä 15 manat berip, işe gatnajak bolsaň, aýlygyň ýarysy ýol kireýe gitjek. Awtobusa müneli diýsek, ýeterlik awtobus gatnawy ýok. Adamlaryň durmuşy gün-günden kynlaşýar" diýip, maryly ýaşaýjy sözüne goşdy.

Azatlyk jemgyýetçilik awtobus nyrhlarynyň gymmatlamagy barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Agentligiň websaýtynda Balkanabat we Gumdag şäherleriniň täze awtobus ugry bilen birleşdirilýändigi, Aşgabatda 27-nji we 97-nji belgili täze awtobus ugurlarynyň işe girizilendigi degişlilikde 25-nji we 16-njy noýabrda habar berilýär. Ýöne onda gymmatlama ýa ilatyň transport kösençlikleri barada hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Türkmen hökümeti pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeleriň işi togtadylan ýa çäklendirilen edara-kärhanalara, şeýle-de ýurt raýatlaryna nähili täsir ýetirýändigi barada hiç hili mesele gozgamaýar. Häkimiýetler çäklendirmelerden zyýan çekýän edara-kärhanalara ýa raýatlara döwlet tarapyndan nähilidir bir kömegiň berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada köpçüligiň öňünde beýanat bilen hem çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG