Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin entek 2024-nji ýylda bäsleşmek kararyna gelmändigini aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin häzirki möhleti 2024-nji ýylda gutaranda, ýene prezidentlige dalaş edip-etmezlik barada entek belli bir karara gelmändigini aýtdy. Geçen ýyl, Kremliň girizen gapma-garşylykly konstitusiýa üýtgetmelerinden soň, oňa ýene dalaşgär bolmak mümkinçiligi açyldy.

69 ýaşly Putin 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup işleýär we tankytçylar 2036-njy ýyla çenli prezidentlikde galmagyna ýol açan kanun üýtgetmeleriniň onuň ömürlik häkimiýet başynda galmagy üçin edilýän tagalladygyny aýdýarlar.

Ol 30-njy noýabrda Moskwada geçirilen maýa goýum forumynda žurnalistiň beren soragyna jogap berip, konstitusiýa girizilen düzedişleriň "ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrýandygy" barada öz aýdan sözlerini ýene bir gezek tekrarlady.

"Konstitusiýa laýyklykda, meniň täze möhlete prezident saýlanmaga hakym bar. Ýöne men bu işi etmek ýa etmezlik barada entek belli bir karara gelmedim” diýip, Putin aýtdy.

Bu düzedişlerden ozal Russiýanyň prezidentlerine yzly-yzyna üçünji alty ýyl möhlet üçin dalaş etmek gadagandy. Putin häzir yzly-yzyna ikinji möhlet prezidentligini ýerine ýetirýär.

Üýtgedilen kanunlar Putiniň prezidentlik möhletlerini nola çenli aşak düşürip, oňa 2024-nji ýylda we 2030-njy ýylda gaýtadan saýlanmaga mümkinçilik berer.

XS
SM
MD
LG