Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG syýahat gadaganlygy omikronyň ýaýramagynyň öňüni almaz diýýär


Bezeg suraty

Onlarça ýurt günorta Afrika ýurtlary bilen aradaky uçar gatnawlaryny gadagan edeninden soň, BSG "giň syýahat gadaganlygynyň" koronawirusyň täze, omikron görnüşiniň halkara derejesinde ýaýramagynyň öňüni alyp bilmejekdigini aýtdy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň 30-njy noýabrda çap edilen täze gollanmalarynda ýurtlaryň gadagançylygyň ýerine "delilli habardarlygy we töwekgelçilik esasyndaky çemeleşmäni", ýolagçylary gowy barlap geçirmek, synag etmek we karantin çärelerini ulanmak bilen, wirusyň omikron görnüşiniň ýaýramagyny haýalladyp, importyny we eksportyny azaldyp biljekdiklerini aýtdy.

Bir hepde öň günorta Afrikada ýüze çykarylandygy habar berlen omikronyň alymlar tarapyndan bellige alynmazyndan öň, şondan bäri toplanýan subutnamalara görä, azyndan 20 ýurtda bolandygy aýdylýar.

BSG-nyň 28-nji noýabrdaky maglumatyna görä, omikronyň importyny haýallatmak maksady bilen, 56 çemesi ýurtda syýahatçylyk çäreleri görülýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG