Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň häkimiýetleri ilaty azyk paýlarynyň berlendigi baradaky kartoçkalara gol çekmäge mejbur edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň häkimiýetleri 2021-nji ýyl üçin azyk paýlarynyň ilata doly paýlanandygy barada raýatlary ýyllyk paýok kartoçkalaryna gol çekmäge mejbur edýär. Ýöne raýatlar käbir azyk paýlarynyň, şol sanda pagta ýagynyň indi bäş aýa golaý wagt bäri berilmeýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan maglumat berýär.

"Farap etrabyndaky döwlet dükanlarynyň işgärleri, şeýle-de Magtymguly, Frunze we Bitgi obalarynyň arçynlary we Farap şäher Ýaşaýyş jaý dolandyryş edarasynyň işgärleri raýatlara jaň edip, paýogyň beriljekdigini aýdyp, olary aldaýarlar we dükana çagyrýarlar. Ýöne ýaşaýjylar dükana baranda, olary soňky bäş aýyň azyk paýogyny doly alandygy barada ýyllyk paýok kartoçkalaryna gol çekmäge mejbur edýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran faraply ýaşaýjy 1-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şondan soň resmiler raýatlaryň paýok kartoçkalaryny ýygnap alýarlar. Farabyň häkimiýetleri raýatlar bu kartoçka gol çekmekden ýüz öwürse, onda olara döwlet edara-kärhanalarynda işleýän maşgala agzasynyň ýa-da garyndaşynyň işden çykaryljakdygy barada haýbat atýarlar. Býujet işgärlerine bolsa, gol çekmedikleriň işden boşadyljakdygy barada gös-göni duýduryş edilýär.

"Käbir obalara indi bäş aýa golaý wagt bäri pagta ýagy we beýleki azyk paýoklary paýlanmady. Muňa garamazdan, ilaty gol çekmäge mejbur edýärler" diýip, faraply ýaşaýjy sözüne goşdy.

Bu çäreler Dänew we Darganata etraplarynda hem geçirilýär. Bu barada bu etraplaryň birnäçe ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzy bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly faraply çeşmämiz resmileriň bu tagallalarynyň dekabr aýynyň başynda geçiriljek hökümet maslahaty bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Lebaply resmiler bu çäreleri Ministrler Kabinetiniň şu aýyň başynda geçiriljek mejlisinde ýurduň söwda pudagyna jogapkär resmileriň, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýurt raýatlaryna azyk paýlarynyň doly paýlanandygy barada hasabat bermegi üçin edýärler" diýip, çeşmämiz 1-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Hökümet maslahatlarynda ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we azyk ýeter-ýetmezçiligi boýun alynmaýar. Muňa derek, ýurt ýolbaşçylary yzygiderli ösüş sanlaryny getirýärler.

Azatlyk bu aýdylanlar we munuň sebäpleri barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Farap etrap häkimligi bilen habarlaşmaga synanyşdy, Ýöne redaksiýamyzyň 1-nji dekabrda sagat 13:30-16:30 aralygynda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Lebabyň häkimiýetleri ilaty berilmedik azyk paýoklarynyň doly berilendigi barada kartoçkalara gol çekmäge mejbur edýärkä, sebitde pagta ýagynyň bahasy ýene gymmatlap başlady.

"1,5 litr ýagyň hususy söwdadaky bahasy Darganatada 80 manada, Farapda 77 manada ýetdi. Mundan bir aý çemesi ozal onuň bahasy 60 manada çenli arzanlapdy. Sebitiň ýag zawodlarynda çig malyň, şol sanda pagta çigidiniň azdygy sebäpli künjaranyň 1 kilogramy hem 8 manada gymmatlady" diýip, faraply ýaşaýjy belledi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir ösümlik ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly problemanyň Daşoguz welaýatynda hem saklanyp galýandygyny habar berýär.

"Ilatyň noýabr aýy üçin azyk paýynyň düzüminde tutuş maşgala üçin iki towuk budy, 1 kilogram şeker we maşgalanyň her bir agzasy üçin ýarym litr pagta ýagy paýlandy. Şeýle-de, adam başyna bäş kilogram un berildi, ýöne bu sentýabr aýynda berilmeli paýokdy. Ýaşaýjylar noýabrda günebakar ýagynyň hem berilmegine garaşýardy, ýöne bu önüm döwlet dükanlaryna getirilmedi" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 30-njy noýabrda çap eden habarynda belleýär.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Azyk önümleriniň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy agyr ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen köp maşgalany subsidirilenen bahadan satylýan azyk önümlerine garaşly goýýar.

Soňky aýlarda häkimiýetler ilata paýlanýan azyk paýlarynyň möçberini hem yzygiderli azaldýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG