Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda pagta ýygymy dekabra çenli dowam etdirilýär


Nýu-Ýork. Türkmen aktiwistleri mejbury zähmediň bes edilmegine çagyrýar. 22-nji sentýabr, 2020.

Türkmen prezidentine 29-njy noýabrda berlen hasabatlarda aýdylmagyna görä, ýurduň gowaça meýdanlaryndaky pagta ýygymy noýabr aýynda hem bölekleýin dowam etdirildi.

Sebit häkimleri, şol sanda Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň ýolbaşçylary meýdanlarda galan pagta hasylyny doly ýygnap almak işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdylar. Emma Ahal welaýatynyň häkimi “gowaça meýdanlaryndaky pagtany ýitgisiz ýygnamak” barada hiç zat aýtmady.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hem “gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini” tassyk etdi.

Onuň sözlerine görä, noýabryň aýagyna çenli “1 million 269 müň 838 tonna pagta ýygnalyp, bellenilen meýilnama 101,59 göterim berjaý edildi”.

Şeýle-de ol ýurduň sebitlerinde tabşyrylan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyk işleriniň geçirilýändigini aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bu ýyl, ýylyň gurak gelmegi bilen, pagta hasylynyň gowy bolmandygyny, gowaça ekip, bergili çykan hojalyklaryň kändigini, oba adamlarynyň daýhançylykdan barha kän eliniň sowaýandygyny habar berýärler.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary pagtaçylykda mejbury zähmetiň giňden ulanylýandygyny, adamlaryň ujypsyz pul üçin tomsuň yssy howasynda we gyş aýlarynda hem meýdana çykyp, pagta ýygmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG