Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Russiýanyň Ukraina çozmagyny "gaty kynlaşdyrjakdygyny" aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, ukrain serhediniň golaýynda rus harby güýçleriniň toplanmagy bilen baglylykda, Moskwanyň niýetleri baradaky aladalaryň artýan wagtynda, Russiýanyň Ukraina garşy hüjüm etmegini "örän we örän kynlaşdyrmaga" taýýardygyny aýtdy.

B duýduryş Baýden bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň, iki tarapyň hem 3-nji dekabrda tassyklamagyna görä, ýakyn günlerde wideo arkaly maslahat etmegine garaşylýan wagtynda edildi. Waşington we Kiýew Moskwanyň Ukrainanyň serhedinde on müňlerçe esger toplandygyny we ýanwar aýynyň başynda hüjüm etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Emma ABŞ resmileri Russiýanyň sebäpleriniň anyk däldigini we Putiniň hüjüme başlamak üçin syýasy-harby karara gelip-gelmändiginiň takyk däldigini aýtdylar.

Analitikleriň käbiri Russiýanyň ABŞ-dan we onuň ýaranlaryndan NATO-nyň gündogar tarapa giňelmegi we Ukraina ýarag berilmegi ýaly meselelerde özüne ýaramly wadalary almak isleýändigini aýdýar.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny güýç bilen basyp aldy we soňky ýedi ýylda 13200-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan çaknyşykda gündogar Ukrainadaky separatistleri goldaýar.

"Men, jenap Putiniň öňe müňzemegini we adamlaryň onuň etmeginden howatyrlanýan zadyny etmegini örän we gaty kynlaşdyrmak üçin, öz ynanýan iň ygtybarly we manyly başlangyçlar toplumymy bir ýere jemleýärin" diýip, Baýden žurnalistlere aýtdy.

Prezident, Ukrainanyň serhediniň golaýynda rus goşunlarynyň, tanklarynyň we agyr ýaraglaryň toplanýandygy baradaky habarlardan soň, öz administrasiýasynyň Ukraina we Ýewropa ýaranlary bilen emele gelen ýagdaý barada ýakyndan "aragatnaşyk saklaýandygyny" aýtdy.

"Waşington Post" gazetiniň ABŞ resmisine we anyklaşdyrylmadyk aňtaw dokuemntine galgylanyp, 3-nji dekabrda çap eden habaryna görä, Russiýanyň geljek ýylyň başynda 175,000 esgeri öz içine alýan köp frontly hüjümi meýilleşdirip biljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG