Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada on müňlerçe adam COVID çäklendirmelerine garşy nägilelik bildirýär


Protestçiler
Protestçiler

Ýewropa şäherlerinde onlarça müň adam Delta görnüşli wirusyň ýokuşmalarynyň köpelmegi bilen baglanyşykly girizilen koronawirus çäklendirmelerine garşy nägilelik bildirdi.

ÝB-niň paýtagty Brýusselde ýüzlerçe demonstrant şu hepde yglan edilen täze çärelere gahar bildirmek üçin 5-nji dekabrda ýöriş gurady.

Belgiýa häkimiýetleri tapgyr üçünji hepde güýçlendirilen çäklendirmelerde alty ýaşdan uly çagalaryň maska geýmelidigini aýtdy. Çagalar baglary we başlangyç mekdepler hem gyşky dynç alyş möwsüminden bir hepde öň ýapylar we ýapyk çärelere köp bolan 200 adamyň gatnaşmagyna rugsat berler.

Bir gün öň, 4-nji dekabrda Wenada Ýewropada iň berk çäre hasaplanan Awstriýa çäklendirmelerine garşy tapgyr üçünji hepde gdçirilen protestlerde 40,000-den gowrak adam demonstrasiýa gatnaşdy.

Awstriýa 22-nji noýabrda Ýewropada ilkinji bolup, wirus ýokuşmalarynyň ýokarlanmagy bilen, gaýtandan petikleme girizdi. Şeýle-de, bu ýurduň hökümeti Ýewropa Bileleşiginde koronawirusa garşy sanjymlary hökmany eden ilkinji hökümet boldy. Bu çäräniň fewral aýyndan güýje girmegine garaşylýar.

Pandemiýanyň ýurtda görlen iň erbet tolkunyna garşy girizilen koronawirus çäklendirmelerine german şäherlerinde hem onlarça müň adam nägilelik bildirdi.

Germaniýa, jemgyýetçilik ýerleriniň köpüsine sanjymsyz barmagy gadagan etmek bilen, sanjym etdirmediklere uly çäklendirmeleri girizdi.

Iň uly nägilelik protesti Hamburgda, demirgazykdaky port şäherinde geçirildi. Bu ýerde koronawirus çärelerine garşy 5000 töweregi adam demonstrasiýa çykdy. Şeýle-de, Frankfurtda, Berlinde we beýleki şäherlerde protestler geçirildi.

Kansler Angela Merkel, işinden çekilmezinden öň eden soňky hepdelik ýüzlenmesinde adamlary “aýylganç wirusa has çynlakaý çemeleşmäge” çagyrdy we sanjym alanlaryň köpelmegi baradaky ündewini gaýtalady.

Gollandiýanyň merkezi Utreht şäherinde geçen hepdäniň ahyrynda başlanan çäklendirmelere garşy birnäçe müň adam nägilelik bildirdi.

XS
SM
MD
LG