Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Turkmen.news” guramaçylykly jenaýatçylygy we korrupsiýany derňeýän Merkeziň agzasy boldy


“Turkmen.news” 30-njy noýabrda Guramaçylykly jenaýatlary we korrupsiýany derňemek merkeziniň (OCCRP) resmi agzasy boldy diýip, garaşsyz neşir guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa habarlaryny çap edýän taslama (OCCRP) salgylanyp habar berýär.

Resmi agzalyk türkmen neşiriniň guramaçylykly jenaýatlary we korrupsiýa hadysalaryny derňeýän merkeziň beýleki agzalary bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine, maglumatlary we dokumentleri alyşmagyna giň mümkinçilik berer diýip, habarda bellenýär.

Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistan boýunça alnyp barylýan derňew işleriniň göwrümini artdyrar we türkmen syýasy şahslarynyň we olaryň garyndaşlarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan jenaýat işleriniň derňewiniň gerimini giňelder.

Mundan öň “Turkmen.news” bu Merkez we “Gündogar.org” neşiri bilen hyzmatdaşlykda iki sany derňew geçirip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleri Hajymyrat we Şamyrat Rejebowlaryň subsidirlenen önümleri import etmekden we döwlet zawodlarynda öndürilen önümleri öz firmalarynyň üstünden eksport etmekden gazanan uly gazançlarynyň üstüni açdy.

Türkmen häkimiýetleri derňew žurnalistleriniň çap eden makalalarynda getirilen faktlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG