Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden-Putin duşuşygynyň öň ýany, Zelenskiý Blinken bilen telefonda gürleşdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde)

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçiriljek onlaýn duşuşygyň öň ýany, 6-njy dekabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bilen telefonda gepleşdi. Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygyna garşy Baýdeniň güýçli duýduryş beýan etmegine garaşylýar.

“Bilelikde we utgaşykly hereket babatda ylalaşyldy. Biziň özygtyýarlylygymyza we territorial bitewiligimize berilýän dowamly goldawlar üçin ABŞ-a, strategiki hyzmatdaşlarymyza we ýaranlarymyza minnetdar” diýip, Zelenskiý Twitterde Blinken bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada aýtdy.

Russiýanyň goşun toplamagynyň hem-de Ukrainanyň NATO ýaranlygyna goşulmak tagallalarynyň 7-nji dekabrda Baýden bilen Putiniň arasynda geçiriljek wideo duşuşygyň esasy gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Baýden eger Russiýa Ukraina garşy harby agressiýany saýlap alsa, munuň üçin rus ykdysadyýetiniň “örän anyk baha tölejekdigini” Putine anyk düşündirer diýip, Ak tam resmisi ýygnagyň öň ýany žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Munuň “hakyky, manyly we uzak möhletli bahasy bolar” diýip, resmi aýtdy.

Ukraina Russiýany harby hüjüme taýýarlygyň çäginde öz serhedine onlarça müň goşun toplamakda aýyplaýar. Russiýa Ukraina hüjüm edilmegi baradaky gürrüňleri “gorky döretmek” tagallalary hökmünde ret etdi we ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryny “gynançly ýagdaýda” häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG