Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetiň Ýokary kazyýeti Uly terrora gatnaşanlaryň atlarynyň aýdylmazlygyny goldaýar


Orsýet, Gulag lagerleriniň kartasy

Russiýanyň Ýokary kazyýeti Uly terrorçylyga gatnaşanlaryň atlarynyň gizlin saklanmagyna ygtyýar berýän düzgünleri ykrar etdi diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Настоящее Время” telekanaly rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.

“Nowaýa gazetanyň” habarçysynyň 8-nji dekabrda kazyýet zalyndan habar bermegine görä, Orsýetiň Ýokary kazyýeti RF-nyň prezidentiniň kararynda Uly terrora gatnaşan NKWD işgärleriniň, Içeri işler boýunça halk komissarlygy diýilýäniň ofiserleriniň atlarynyň gizlin saklanmagyna ygtyýar berýän düzgünleri kanuny diýip ykrar etdi.

Bu ýerde gürrüň rus prezidentiniň 1995-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çeken №1203 karary, has anygy “Döwlet syryna degişli maglumatlaryň sanawyny tassyklamak hakynda” girizlen düzgünler barada barýar.

Bu düzgünleriň ýatyrylmagyny taryhçy Sergeý Prudowskiý talap etdi. Ol NKWD-niň Harbin operasiýasyny - Hytaý-Gündogar demirýolunyň öňki işgärlerine garşy amala aşyran köpçülikleýin repressiýalaryny öwrenýär. Bu operasiýanyň çäginde 21 müňden gowrak adam atyldy.

2019-njy ýylda, Prudowskiniň haýyşy boýunça, 1937-nji ýylda "ýapon içalysy" hökmünde atylan Tatýana Kuligiň işi açyldy. "Nowaýa Gazetanyň" maglumatyna görä, Kulik soňra aklandy, emma onuň işini galplaşdyran adamlaryň wezipeleri, atlary “gizlin” diýen belginiň astynda galdy.

Kazylar bu gizlinligi esaslandyrmak üçin Ýokary kazyýete, prezidentiň kararyna, kontrrazwedka, garşylykly aňtaw işgärleriniň şahsy maglumatlaryny gorap saklaýan FSB-niň, Federal howpsuzlyk gullugynyň gizlin buýrugyna salgylandylar.

Prudowskiý bu kararyň düzgünlerini ýatyrtmak üçin kazyýete şikaýat etdi, sebäbi, taryhçynyň pikiriçe, bu karar gapma-garşy ýazylypdyr we NKWD işgärlerine aňtaw gullugynyň işgärleri hökmünde çemeleşmäge mümkinçilik berýär.

Emma muňa garamazdan, kazyýet işine prezidentiň wekilleri hökmünde gatnaşan FSB işgärleri kararyň düzgünleriniň ýatyrylmagynyň ýurduň goranyş ukybyna howp salýandygyny öňe sürdüler. Netijede, kazyýet aýyplanýanyň tarapyny tutdy we taryhçynyň bu düzgünleri ýatyrmak barada eden şikaýatyny ret etdi.

FSB-niň Iwanowo we Tula sebitlerindäki edaralary güýzde, “çekistleriň atlarynyň aýan edilmeginiň milli, jynsy ýa dini ýigrenji ýa-da duşmançylygy öjükdirip biljekdigini” aýdyp, Prudowskiniň 1937-1938-nji ýyllardaky NKWD arhiwini gözden geçirmegine rugsat bermedi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Orsýetde jemgyýetiň öňdebaryjy wekilleri halk hakydasynyň unudylmagyna garşy göreşýär we soňky onýyllyklarda sowet ýolbaşçylarynyň alyp baran repressiw syýasatlary netijesinde ýok edilen adamlaryň atlaryny dikeltmekde uly işleri amala aşyrdylar.

Emma bu iş Türkmenistanda, häkimiýetleriň döreden emeli päsgelçilikleri zerarly, 1990-njy ýyllaryň başynda haýalladyldy we, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, 1930-njy ýyllardaky repressiýalaryň pidalary, olaryň işlerini galplaşdyran adamlaryň atlary jemgyýetçilige aýan edilmeli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG