Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pfizer/BioNTech sanjymyny öndürijiler omikrona garşy üç dozanyň ‘netijelidigini’ aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Pfizer/BioNTech waksinasy koronawirusyň omikron ştammyna garşy täsirli ýaly bolup görünýär, diýip waksina öndüriji kompaniýalar aýdýar, ýöne iki dozanyň, belki-de, ýeterlik bolmajakdygyny duýdurýarlar.

8-nji dekabrda çap eden beýanatynda kompaniýalar iki dozanyň wirusa garşy ýeterlik bolmazlygynyň mümkindigini, ýöne üçünji dozadan soň sanjymyň omikrona garşy “netijelidigini” aýtdylar.

Güýçlendiriji sanjymlaryň, görnüşinden, ýokary gorag üpjün etmegi köp sanly ekspertler tarapyndan makullandy. “Bu, waksinanyň üç dozada berilmegi boýunça kampaniýalara uly goldaw bolar” diýip, Imperial College London uniwersitetiniň immunology Çarlz Bangam aýtdy.

ABŞ we german kompaniýalarynyň çap eden barlagynyň deslapky netijeleri dünýä barlaghanalarynda omikron boýunça ilkinji garaşsyz maglumatlaryň peýda bolýan wagtyna gabat geldi.

Täze maglumatlar, wirusyň öňki görnüşleri bilen deňeşdirilende, koronawirusyň täze mutasiýasynyň ynsan bedeninde waksina tarapyndan döredilen ýa-da keselden açylansoň dörän immunitetden aňsat sowlup geçýändigini görkezýär.

Netijeler öwrenilende seresaplylyk möhümdir, sebäbi bu netijeler barlaghana şertlerinde alnan netijelerdir diýip, Afrika saglyk barlag institutynyň ýerine ýetiriji direktory Willem Hanekom aýtdy.

Hakyky durmuşdan alynjak maglumatlar uly synag bolar diýip, ol aýtdy.

Kanadanyň Sanjym we ýokanç keseller guramasynyň wirusology angela Rasmussen AFP habar agentligine beren gürrüňinde täze maglumatlaryň “iň bolmanda höweslendirijidigini” ýöne şonda-da “garaş we gör” usulynyň maslahat berilýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG