Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Almaty häkimiýetlerini aýallaryň deňlik talaplaryna üns bermäge çagyrýar


Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW) guramasynyň nyşany
Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch (HRW) guramasynyň nyşany

Human Rights Watch (HRW) gazak aktiwistleriniň zenan hukuklary boýunça ýöriş geçirmek rugsadynyň ret edilmegi babatda Almatynyň şäher häkimiýetlerini tankytlady. Gurama ýörişe rugsat bermezligiň şäher resmileriniň zenan hukuklaryna biparh garaýandyklaryny görkezýändigini aýtdy.

Ýöriş rugsadyna ýüz tutan zenan hukuklary boýunça aktiwistler gendere bagly zorluga garşy protest geçirmegi hem-de deňlik üçin öz talaplaryny beýan etmegi meýilleşdirýärdiler diýip, HRW 10-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“KazFem”, “Feminita”, “FemPoint”, “Swet” we “FemAgoradan" ybarat bäş feminist toparyň we aktiwistleriň adyndan çykyş edýän üç gazagystanly aktiwist 16-njy noýabrda Almatyda 8-nji mart – Halkara zenanlar gününe bagyşlap parahat ýöriş geçirmek üçin häkimiýetlerden rugsat haýyş etdi.

Aktiwistleriň biri HRW-a beren gürrüňinde Almatynyň şäher resmileriniň rugsatnama ýüz tutulmagyndan bir hepde töweregi soňra çäräni gurnaýjylar bilen duşuşandygyny hem-de olara şäherdäki “epidemiologiki ýagdaý” sebäpli öz planlaryny täzeden gözden geçirmegi berk maslahat berendigini aýtdy.

Almatynyň şäher administrasiýasy ýörişiň geçiriljek ýerinde başga çäreleriň geçirilýändigini we şol gün “abatlaýyş işleriniň” meýilleşdirilýändigini aýdyp, 26-njy noýabrda haýyşnamalary ret etdi

XS
SM
MD
LG