Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda bir türkmen studenti öli tapyldy, sud-medisina barlagy onuň ýasama arakdan ölendigini aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Kazyýet binasynyň öňünde garaşýan türk polisýa işgärleri.
Illýustrasiýa suraty. Kazyýet binasynyň öňünde garaşýan türk polisýa işgärleri.

Türkiýäniň Stambul uniwersitetinde ýokary bilim alýan türkmenistanly student, 32 ýaşly Kemal Ahmedenow, Stambulyň Fatih etrabynda ýerleşýän kwartirasynda öli tapyldy. Türk metbugaty sud-medisina barlag netijelerine salgylanyp, studentiň ýasama arakdan zäherlenip, ölendigini habar berýär.

“Sondakika.com” habar saýtynyň maglumatyna görä, 9-njy dekabrda merhum dostlary bilen özüniň doglan gününi belleýär. 33 ýaşa gadam basan türkmen raýaty anna güni Stambuldaky ýaşaýyş jaýynda öli tapylýar.

Türk metbugatyna görä, merhumyň bilelikde ýaş toý bellän dostlary ertesi güni ondan habar alyp bilmeýär. Munuň yz ýany, olar ýagdaý barada polisiýa habar berýärler. Polisiýa işgärleri ýangyç söndüriji gulluklaryň kömegi bilen merhumyň öýüne girýärler.

Türkmenistanly raýatyň jansyz bedeni onuň ölüminiň sebäbini anyklamak üçin Türkiýäniň kazyýet edarasynyň ekspertiza gullugyna tabşyrylýar. Sud-medisina eskpertizasy studentiň ýasama arakdan ölendigini görkezýär.

Kanuny ýaşaýyş rugsady bilen Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany, ýurduň Migrasiýa gullugynyň hasabatyna görä, Türkiýedäki daşary ýurt raýatlarynyň arasynda yraklylardan soň ikinji orunda durýar.

Türkiýäniň Migrasiýa boýunça baş müdirliginiň 25-nji noýabrda çap eden hasabatyna görä, ýurtda kanuny ýaşaýyş rugsady bilen 117 müň 905 türkmenistanly ýaşaýar.

Ýöne synçylar Türkiýede kanuny ýa-da bikanun esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hakyky sanynyň ýüzlerçe müňden geçýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda saglyk ýagdaýy ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Türkiýeden Türkmenistana dolanmak isleýän türkmenistanlylar dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar.

Mundan ozal, 2020-nji ýylyň martynda türk metbugaty Türkiýede ýaşaýan altmyş töweregi türkmenistanlynyň ýasama arakdan ölendigini habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG