Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýede ýene iki türkmenistanly öli tapyldy. Olaryň zäherlenen bolmagy gümän edilýär


Çap edilen suratda içerdäki atyr çüýşeleri hem görünýär. Türkiýäniň “Demirören” habar gullugynyň suraty

Stambulyň Pendik Fatih etrabynyň Hijaz köçesindäki jaýda öli tapylan iki erkegiň dogan bolandygy aýdylýar we olaryň atlary Çaryýew Umytjan we Zafyte Umytjan diýlip görkezilýär.

Türk mediasy Stambulyň Pendik etrabynda bir kwartirada ýaşaýan iki türkmenistanlynyň öz otaglarynda öli tapylandygyny habar berýär.

Olaryň atyr içip, zäherlenmekden ölen bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Türkiýäniň “Demirören” habar gullugynyň 15-nji maýda beren maglumatynda aýdylmagyna görä, iki erkegiň öli tapylan otagynda ölenleriň jesetleri bilen birlikde, bir topar atyr çüýşesi hem ünsi çekýär.

Neşiriň bellemegine görä, eger-de atyr çüýşeleriniň köplüginden çet tutulsa, olaryň atyr içip, zäherlenmekden ýogalan bolmagynyň ähtimaldygyny çaklamak bolar.

Şeýle-de, Pendik Fatih etrabynyň Hijaz köçesindäki jaýda öli tapylan iki erkegiň 35 we 37 ýaşly doganlar bolandygy aýdylýar we olaryň atlary Çaryýew Umytjan we Zafyte Umytjan diýlip görkezilýär.

Ýerli ýaşaýjynyň media bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, bu iki erkegiň köp wagtlap daşarda görünmezligi olaryň goňşularynda rahatsyzlyk döredýär we ahyrynda olaryň biri baryp, aşaky gatdaky jaýyň gapysyny kakyp görýär.

Emma içerden jogap bolmaýar. Soň ol demir gözenekli penjiräniň aýnasyndan içerik seredip, iki adamyň gymyldysyz ýatandygyny görýär we polisiýa jaň edip, görsünler diýip, goňşulary hem çagyrýar.

Şaýadyň sözlerine görä, penjireden jesetleriň ysy gelmändir, emma içerik giren polisiýa ofiserleri olaryň porsandygyny aýdypdyr.

Çap edilen suratda içerdäki atyr çüýşeleri hem görünýär.

Ýatlatsak, geçen ýylyň mart aýynda hem Stambulda onlarça türkmenistanly zäherlenip öldi. Emma türkmen häkimiýetleri ýogalanlaryň jesetleriniň ýurda getirilmegine-de, Türkiýede jaýlanmagyna kömek etmedi diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistandaky işsizlik we ykdysady kynçylyklar ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara çykmagyna sebäp boldy.

Barmak üçin wiza talaby bolmansoň, iş gözleýän türkmenistanlylar esasan Türkiýä köp barýarlar we olaryň köpüsi soň pasportlarynyň möhletini uzaldyp bilmän, kyn ýagdaýa düşýär.

Soňky döwürde bolsa, Türkiýede kyn şertlerde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, pandemiýa aladalarynyň arasynda, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, işlerini ýitirip, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan hiç bir kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi habar berilýär.

Bu ýagdaýlar ugruny ýitiren, çykalga gözleýän adamlaryň her hili howply işlere baş goşmagyna, dürli sebäplerden, şol sanda käte öz janlaryna kast edip ölmeklerine hem getirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşýän migrantlar aýdýar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, şol sanda Türkmen DIM-i Azatlygyň zähmet migrantlary we olaryň pasport kynçylyklary baradaky habarlaryna reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG