Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farabyň ot alan mekdebiniň okuwçylary wagtlaýynça beýleki mekdeplere gatnar


Ýangynyň netijesinde binanyň köp bölegi weýran boldy diýip, çeşme habar berýär. (Illýustrasiýa suraty)
Ýangynyň netijesinde binanyň köp bölegi weýran boldy diýip, çeşme habar berýär. (Illýustrasiýa suraty)

Farapdaky mekdep binasynda dörän ýangyn öçürilen wagty ýangyn söndürijileriň biri ýaralandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Lebap welaýatynyň Farap şäherindäki 1-nji orta mekdebiň binasynda bolan ýangynyň käbir jikme-jikliklerini anyklaşdyrmak başartdy. Onuň maglumatlaryna görä, ýangynyň netijesinde binanyň köp bölegi weýran boldy. Ýangynyň dörän ýeriniň, ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagynyň iki gözegçisine garşy geleňsizlik boýunça jenaýat işi gozgaldy. Şeýle-de, ot alan mekdebiň okuwçylarynyň Farap şäherindäki beýleki mekdeplere paýlanýandygy we mugallymlaryň tölegsiz zähmet rugsadyna iberilip bilinjekdigi habar berilýär.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Farap etrabyndaky çeşmelerine salgylanyp, ýangynyň 11-nji dekabrda ýary gije başlandygyny aýtdy. Ýangyny 4 sagat geçensoň, 12-nji dekabrda irden söndürmek başartdy. Ýangyn öçürilende ýangyn söndürijilerden biri ýaralandy.

Habarçymyzyň çeşmesi ýangynyň mekdebiň kotelnýasynda, ýagny ýyladyş üçin bug gazanlarynyň ýerleşýän otagynda gazyň syzmagy netijesinde başlanandygyny aýtdy.

“Deslapky maglumatlara görä, 11-nji dekabrda, şenbe güni kotelnýa gaz akdyrmak bes edildi we ýyladyş gazany öçürildi. Ýöne şenbe güni bolansoň, kotelnýada gözegçi işgärleriň hiç biri ýokdy we gaz klapany açyk galdy. Birnäçe sagatdan soň gaz gaýtadan akdyrylyp başlandy we onuň syzmagy netijesinde ýangyn döredi. Kotelnýada benzin elektrik generatory we elektrik nasosy bardy. Olardaky benzin ot alyp, ýangynyň çalt ýaýramagyna sebäp boldy " diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýangyn bilen bagly jenaýat işi gozgaldy we mekdebiň kotelnýasynyň iki işgäri tussag edildi. Olar geleňsizlikde aýyplanýar.

Çeşme ýangynyň netijesinde mekdep binasynyň aglaba böleginiň weýran bolandygyny aýdýar. Mekdebiň üçegi doly ýandy we synp otaglarynyň köpüsine zyýan ýetdi. Munuň bilen baglylykda, mekdebiň okuwçylary Farap şäherindäki beýleki mekdeplere paýlanýar we mugallymlaryň tölegsiz zähmet rugsadyna iberilip bilinjekdigi habar berilýär.

“Mekdep binasy weýran boldy. Ol ýerde okuw prosesini dowam etdirmek mümkin däl. Sişenbe gününden başlap, 1-nji mekdebiň okuwçylaryny wagtlaýynça beýleki mekdeplere paýlaýarlar. Bular 2-nji we 3-nji orta mekdepler. Mekdep binasy dikeldilen döwürde mugallymlary tölegsiz zähmet rugsadyna ibermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Biz onlarça mugallym we mekdep işgäri barada gürrüň edilýändigini bellemelidiris" diýip, çeşme nygtady.

Bu waka barada 12-nji dekabrda Turkmen.news neşiri hem habar berdi. Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, ýerli häkimiýetleriň 14-nji dekabra çenli, mekdep okuwçylary uzaldylan dynç günlerinden gaýdyp gelýänçä, ýangynyň netijelerini ýok etmäge synanyşýandygyny ýazýar. Türkmenistanda bu ýyl Bitaraplyk güni ýekşenbe gününe gabat geleni üçin 13-nji dekabr, duşenbe güni iş güni däl diýlip yglan edildi diýip, neşir anyklaşdyrýar.

Farabyň mekdebinde döran ýangyn barada ilkinji bolup Türkiýedäki türkmen migrantlary habar berdiler. Olar sosial ulgamlarda Farap şäherindäki 1-nji orta mekdebiň binasydygy aýdylýan jaýyň ot alýandygyny görkezýän wideony çap etdiler.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanda ýangynlar barada habarlar yzygiderli peýda bolýar.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri ýurtda bolýan heläkçilikler barada hiç haçan habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG