Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň ýaşaýyş jaýynda ýangyn boldy


Içeri işler ministrliginiň işgäriniň habar bermegine görä, ýangyn söndürmäge öňki ýol polisiýa işgärleri gatnaşypdyr.
Içeri işler ministrliginiň işgäriniň habar bermegine görä, ýangyn söndürmäge öňki ýol polisiýa işgärleri gatnaşypdyr.

26-njy iýulda Mary şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryň birinde ýangyn boldy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň içeri işler ministrligindäki çeşmesine görä, azyndan bir ýaşaýjy otdan ýeten orta agyrlykdaky şikesleri bilen keselhana ýerleşdirilipdir. Ýangyn sebäpli iki gatly binanyň birnäçe kwartirasyna zeper ýetdi. Deslapky maglumatlara görä, ýangyna ikinji gatdaky kwartiralaryň birinde elektrik simlerindäki näsazlyk sebäp bolupdyr. Bu, şu aýda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynda bolup geçen ikinji betbagytçylykdyr. 6-njy iýulda Türkmenabatdaky ýaşaýyş jaýda bolan partlamada iki gat ýykyldy.

Azatlygyň Içeri işler ministrligindäki çeşmesiniň aýdyşy ýaly 26-njy iýulda agşam sagat 4 töweregi iki gatly ýaşaýyş jaýda ýangyn boldy. Ýaşaýyş jaýy Marynyň merkezi böleginiň golaýyndaky Magtymguly köçesinde ýerleşýär.

Çeşmäniň habaryna görä, ýangynyň sebäbi elektrik simlerinde gysga näsazlyk bilen bagly bolmagy ähtimal.

“Jaý köne, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda gurlan we şondan bäri simler çalyşylmansoň, olarda gysga näsazlyklar döreýärdi. Jaýyň üçegi agaçdan ýasalyp, köneldi, şonuň üçin ot gaty çalt ýaýrady. Ýangyn bolan kwartiranyň ýaşaýjysy ortaça agyrlykdaky şikesler bilen keselhana ýerleşdirildi. Bagtymyza, ölenler ýok "-diýip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar derrew ýangyn söndürijileri çagyrypdyrlar, ýöne olaryň gelmezinden ozal birnäçe kwartira agyr zeper ýetipdir.

“Ýangyn söndürijilerden öň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri we polisiýa işgärleri wakanyň bolan ýerine geldiler. Ýangynyň bolan ýerini gabadylar we jaýyň ýerleşýän ýeri Magtymguly köçesini beklediler. Agzybirlik köçesindäki çatrykdan Türkmenistan köçesindäki çatryga çenli hemme ýer petiklendi. Iki ýangyn söndüriji toparynyň wakanyň bolan ýerine barýança iki ýokarky kwartirany ot aldy we ýangyn söndürilende birnäçe kwartira we birinji gata uly zeper ýetdi. Bagtymyza, beýleki kwartiralaryň ýaşaýjylary tiz ewakuasiýa edildi we ýitgi çekmedi"-diýip çeşme aýdýar.

Içeri işler ministrligindäki çeşme ýangyn gullugynyň hasabatyna salgylanyp, ýangyn söndürmek işine gatnaşanlaryň tejribesiz işgärler bolandygyny aýtdy.

“Ýangyn söndürijileriň köpüsi ýaňy-ýakynda ýol polisiýasyndan ýangyn söndüriji edip, taýýarlanan adamlardy. Olar ozal ýangyn söndürmek işine gatnaşmandyr. Şeýle hem, olara zerur bilim berilmändir. Jaýyň ýaşaýjylary ýangyny söndürmäge kömek etdiler. Olaryň kömegi bilen ikinji gatdaky kwartiradan oda ýanan aýal maşgalany çykarmak başartdy. Ýangynyň bolan ýerinde abatlaýyş işleri alnyp barylýar "- diýip, Içeri işler ministrliginiň işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýangynyň bolan ýerine baryp bilmedi, sebäbi ol ýeriň daş-töweregi henizem petikli galýar. MHM-niň we polisiýanyň işgärleri hemme ýerde durýar hem-de hiç kimiň surata ýa-da wideo almaýandygyna gözegçilik edýär. Ýangyn söndürilenden soň, MHM-niň işgärleri ýerli ýaşaýjylardan ýangyny surata ýa-da wideo düşürip-düşürmändigini sorap başlapdyr.

Bu ýangyn şu aýyň başyndan bäri Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynda bolan ikinji betbagytçylykdyr. 6-njy iýulda Türkmenabat şäherinde Gagarin etrabynyň ýaşaýyş jaýynda dört gatly binanyň iki gatynyň ýumrulmagyna partlama sebäp boldy. Partlamada bir çaga heläk boldy we 11 adam keselhana ýerleşdirildi.

Azatlyk Radiosy Mary şäheriniň ýangyn bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Adatça bolşy ýaly, Türkmenistandaky döwlet habar beriş serişdeleri ýurtdaky heläkçilikleri beýan etmeýärler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylaryna gynanç bildirip, Türkmenistanda bolup geçýän heläkçiliklere duýgudaşlyk bildirmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html

XS
SM
MD
LG