Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda öýlere aýlanyp, it we eşek etini satyn almak isleýän adamlar köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Soňky bir hepdäniň dowamynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky käbir obalara aýlanyp, ýaşaýjylara it we eşek etlerini satyn alýandyklaryny aýdýan adamlar köpelýär. Bu habarlaryň arasynda, şu günler sebitde ilatyň işigindäki itleriň we eşekleriň ogurlanmagy bilen bagly wakalar hem artýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýagdaýlara Baýramalynyň "Erkana" geňeşliginiň, "Merw", "Parahat" we "Täze ýol" daýhan birleşikleriniň, "Türkmenistan" we "Çykal" uçastoklarynyň ýaşaýjylary duş gelýärler.

"Olar iki adam bolup aýlanýarlar. Biri gartaşan 45-50 ýaşlarynda we beýlekisi 30-35 ýaşlarynda. Olar menden "Eşegiňi satjakmy, eger satmakçy bolsaň, göni häzir damagyny çalyp, etini terezä goýarys we her 1 kg üçin 10 manatdan puluňy nagt bereris" diýip aýtdylar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly ýaşaýjy 13-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu adamlar özlerini "itşynaslar" diýip tanyşdyrýarlar, ýöne şahsyýetleri barada goşmaça maglumat bermeýärler.

Oba ilatynyň sözüne görä, ýaşaýjylar olara eşeklerini satmajakdyklaryny aýdanda, bu adamlar olardan işiklerindäki itleriň etini satmagy soraýarlar.

"Olar işigimdäki 7 ýaşan garry köpegimiň her bir kilogram eti üçin-de 10 manat teklip etdiler. Men olardan eşegiň we itiň etlerini näme etjekdiklerini soradym. Olar maňa "özleriniň it saklaýandyklaryny we eşegiň etini itlere berýändiklerini" aýtdylar. Men olardan "itlere itiň etini hem berjek bolýarsyňyzmy?" diýip soranymda, olar "ýok, agam. Biz muny Baýramalynyň türmesine geçirmek üçin çöpleýäris. Ol türmedäkilerem Täze ýyl bellemeli ahyryn" diýip ýylgyrdylar. Men olary kowup goýberdim" diýip, oba ýaşaýjylarynyň ýene biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda eşek we it etleriniň bazarlarda ýa-da söwda nokatlarynda satuwy gadagan edilýär.

Oba ýaşaýjylary itşynaslaryň eşek ýa-da haram ölen malyň etini mundan ozalky ýyllarda hem wagtal-wagtal satyn alandyklaryny, ýöne itiň etiniň soralmagy bilen bagly ýagdaýa ilkinji gezek duş gelýändiklerini belleýärler.

Olaryň sözlerine görä, polisiýa işgärleri "özleriniň bu adamlardan habarlydyklaryny, ýöne başlyklaryň buýrugy bolmasa, hiç zat edip bilmeýändiklerini" aýdýarlar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Baýramaly etrap häkimliginden we polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz soňky günlerde ilatyň işigindäki itleriň we eşekleriň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini habar berýär.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar eşekleriniň ogurlanandygy barada etrap polisiýasyna arza tabşyrýarlar. Polisiýa işgärleri "şu günler ogurlyk wakalarynyň köpelendigini, üýtgeşiklik bolsa, olary habarly etjekdiklerini" aýdyp, ýaşaýjylary öýlerine iberýärler.

Bellesek, bu habarlar paýtagt Aşgabadyň, Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir bazarlarynda arzan bahadan mal etiniň peýda bolan mahalyna gabat geldi. Şol bir wagtda, Azatlyk ilatyň itleriniň we eşekleriniň ogurlanmagy ýa-da olaryň etlerine bolan "talap" bilen arzan bahadan peýda bolan mal etiniň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa ýokdugyny ne resmi, ne-de garaşsyz çeşmelere tassykladyp bildi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda iri şahly mallaryň näbelli keselden haram ölýändigi baradaky habarlaryň fonunda, Aşgabadyň bazarlarynda arzan bahadan mal eti peýda bolupdy. Azatlyk mal ölümleri bilen arzan bahadan mal etiniň peýda bolmagynyň arasynda mümkin bolan arabaglanyşygy garaşsyz tassykladyp bilmändi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri adatça ýurtda peýda bolýan bu habarlar barada resmi beýanat ýa maglumat çap etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG