Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýa, Norwegiýa “Omicronyň” şu hepde köpeljegini çak edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daniýada we Norwegiýada saglyk işgärleri koronawirusyň “Omicron” görnüşiniň şu hepdede ýurtlaryň ikisinde-de COVID-19 bilen kesellänleriň aglaba bölegini emele getirjekdigini çaklaýarlar.

Şeýle hem, Britaniýanyň saglyk resmileri 13-nji dekabrda “Omicronyň" soňky 48 sagadyň dowamynda Londonda agdyklyk edýän görnüşe öwrüljekdigini aýtdy we bu görnüşiň geçen aýyň ahyrynda Günorta Afrikada ilkinji gezek anyklanandan soň iňňän çalt ýaýraýandygyny belledi.

"COVID-19-yň hiç bir görnüşi beýle çalt ýaýramady" -diýip, Saglyk ministri Sajid Jawid parlamente aýtdy.

Premýer-ministr Boris Jonson Britaniýada “Omicron” görnüşinden bir adamyň ýogalandygyny we munuň çalt ýaýran wirusyň dünýäde ilkinji gezek adam ölümine sebäp bolmagynyň ilkinji tassyklanan hadysasydygyny aýtdy.

Kanadanyň resmileri COVID-19 keseliniň ýakyn günlerde “Omicron” görnüşi sebäpli tiz ýaýrajagynyň çak edilýändigini habar berdiler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iki hepde töweregi wagt mundan ozal adamlar Minnetdarlyk güni maşgalalary we dostlary bilen duşuşansoň kesellänleriň täze sanlary 40%-den gowrak ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG