Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Memorial international' guramasyny ýapmak boýunça sud diňlenişigi dowam edýär


"Memorial" guramasynyň sud diňlenişigi

Russiýanyň Ýokary sudy federal prokurorlaryň Sowet Soýuzyndan soňky döwrüň iň gadymy we abraýly adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň biri bolan “Memorial International” -yň ýapylmak baradaky haýyşy boýunça diňlenişige gaýtadan başlady.

Sudýa Alla Nazarowa 14-nji dekabrda geçirilen diňlenişige 20 minut gijä galmak bilen başlady. Sud diňlenişiginiň başlangyç tapgyry “Memorial International” guramasynyň esasy registrasiýa dokumentlerini öwrenmek bilen başlandy, şondan soň baş prokuroryň topary ýapmak baradaky haýyşyna we bu işdäki beýleki dokumentlere serediler.

Sud işi Russiýada raýat jemgyýetini we metbugat toparlaryny ýapmak üçin resmiler tarapyndan köp ulanylýan jedelli "daşary ýurt agenti" baradaky kanun esasynda prokurorlar tarapyndan gozgaldy.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Sowet Soýuzynyň jenaýatlaryny derňemek we pidalaryny ýatlamak, şeýle hem Russiýada we öňki sowet respublikalarynda adam hukuklaryny goramak üçin döredilen guramany ýatyrmak üçin hiç hili kanuny esasyň ýokdugyny aýdýarlar. Aktiwistler baş prokuroryň “Memorial International” guramasyny ýapmak isleginiň “syýasy maksatly karardygyny” öňe sürýärler.

"Memorial" rus häkimiýetleriniň hereketlerini "syýasy basyş" diýip häsiýetlendirdi we ony "ýapmak üçin kanuny esas ýok" diýip hasap edýändigini belledi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Russiýany "Memorialy" ýapmak baradaky hereketini togtatmaga çagyrdy.

Russiýanyň daşary ýurt agentleri barada diýlip atlandyrylýan kanunçylygy 2012-nji ýylda kabul edildi we birnäçe gezek üýtgedildi. Kanun daşary ýurtlardan maliýe kömegini alýan we hökümetiň syýasata gatyşýar diýip hasap edýän döwlete degişli bolmadyk guramalardan hasaba alynmagy, özlerini “daşary ýurt agentleri” hökmünde tanatmagy we barlagdan geçmegi talap edýär.

Kanunyň soňky üýtgetmeleri daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän habar beriş serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna, Azatlyk Radiosynyň rus dilindäki beýleki alty sany habar hyzmatyna we "Nastoýaşeýe Wremýa" proýektine garşy gönükdirildi.

Şol bir wagtyň özünde Russiýanyň Baş prokurory Igor Krasnow, "Memorial International" -yň daşary ýurt agentleriniň sanawyna goşulmagyna guramanyň çap edýän materiallary bilen kanuny yzygiderli bozmagynyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Sud diňlenişiginde “Memorial International” guramasyna Russiýanyň iň görnükli aklawçylary - Genri Reznik, Mariýa Eismont, Mihail Birýukow, Grigori Waipan, Anastasiýa Garina, Tatýana Gluşkowa, Tamilla Imanowa, Natalýa Morozowa we Natalýa Sekretarýowa wekilçilik edýärler.

Adam hukuklaryny goraýjy guramany goldamak üçin onlarça adam 14-nji dekabrda Moskwadaky Ýokary sud binasynyň öňünde ýygnandy.

Polisiýa suduň daşynda "Memorialdan el çekiň! Syýasy tussaglara erkinlik!" diýen ýazgyly şygary tutup, aýra duran azyndan bir piketçini tussag etdi.

Moskwanyň häkimiýetleriniň aýry-başga talaplarynyň ýene biri “Memorial International” guramasynyň çäginde işleýän ýerli “Memorial” guramasyna garşy gönükdirilýär.

18-nji noýabrda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe bolan iki orsýetli ýagny öňki sowet lideri Mihail Gorbaçýow we "Nowaýa Gazeta" neşiriniň baş redaktory Dmitriý Muratow bilelikdäki çykyşynda "Memorialy" ýapmak synanyşygy "ýurtda alada döredýär we biz muňa goşulýarys" diýdi.

Ýewropanyň hukuk guramasy bolan Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Marija Peçinowiç Buriç "daşary ýurt agentleri" baradaky kanunyň jemgyýetçilik guramalaryny, habar beriş serişdelerini we şahsyýetleri "kemsidýändigini" we "soňky ýyllarda Russiýada raýat jemgyýetine repressiw täsir edendigini" aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG