Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana 1,200 tonnalyk kömek iberdi


Kömek getiren ulaglar
Kömek getiren ulaglar

Türkmenistan 14-nji dekabrda Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwer kömegini ugratdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy dekabrdaky buýrugyna laýyklykda, bu gezekki kömegiň 1,200 tonna barabar azyk, senagat harytlaryndan, nebit önümlerinden doldurylan 20 sany demirýol çeleginden ybaratdygy aýdylýar.

Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaradan soň, Owganystanyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan täze metjitde hem-de Turgundy şäherçesinde sadaka berildi diýip, habarda bellenýär.

Bu kömek Owganystanda durmuşyň barha gymmatlaýan wagtynda geldi.

Ýerli habarçynyň maglumatyna görä, bu ýurtda dollaryň bahasy birden ýokarlandy we azyk harytlarynyň bahasy 80% gymmatlady.

Halkara guramalary Owganystanyň ilatynyň 98%-niň azyk üpjünçiliginiň howp astyndadygyny, gyş aýlaryna millionlarça adama, şol sanda çagalara ölüm howpunyň abanýandygyny duýdurýarlar.

Türkmenistan mundan öňem Owganystana birnäçe gezek ynsanperwer kömegini iberdi we bu ýurtdaky meseleleriň diplomatiýa arkaly çözülmegini goldaýar.

XS
SM
MD
LG