Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmede oturan azerbaýjan aktiwisti açlygyny bes etdi


Saleh Rustamli
Saleh Rustamli

Azerbaýjanyň oppozisiýa aktiwisti Saleh Rustamli türmede 41 gün ozal yglan eden açlygyny bes etdi. Golaýda onuň boşadylmagyny talap edip ýygnanan tarapdarlary gazaply ýenjildi we tussag edildi.

1998-nji ýyldan bäri Russiýada ýaşaýan Rustamli 2018-nji ýylda Azerbaýjana gelende tussag edildi we soňra kazyýet tarapyndan pul ýuwmakda, hamala Azerbaýjan halk fronty partiýasy bilen baglanyşykly bank hasabyna 420 000 dollar pul geçirmek diýilýände günäli tapylyp, ýedi ýyldan gowrak türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, olary ret etdi.

Azerbaýjanyň oppozisiýadaky Halk fronty partiýasynyň agzasy bolan Rustamli türmeden boşadylmagyny talap edip, noýabr aýynyň başynda açlyk yglan etdi.

Onuň aklawçysy Bahruz Baýramow 16-njy dekabrda Azatlyk radiosynyň Aerbaýjan gullugyna öz müşderisi bilen Bakuwdaky tussaghanada gürleşip bilendigini aýtdy.

"Saleh gaty horlanypdyr, şu sebäpden biz telefon arkaly gürleşdik. Ony damaryndan suwuklyk goýberip saklaýarlar. Ol aýal doganynyň we lukmany Adil Geýbulanyň haýyşy boýunça açlygyny bes etdi" diýip, Baýramow aýtdy.

Rustamliniň lukmany Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde onuň açlygyny bes edendigini tassyklady. Şeýle-de, ol Rustamliniň komada bolandygy barada çykan habarlary ret etdi.

Azerbaýjanyň Döwlet jeza gullugynyň resmileri bu habar bilen bagly hiç bir düşündiriş bermedi. Azerbaýjandaky adam hukuklary toparlary Rustamlini syýasy tussag hökmünde ykrar etdiler.

Bakuwyň polisiýasy şu aý Rastamiliniň boşadylmagyny talap edip toplanan adamlaryň iki demonstrasiýasyny güýç bilen dargatdy.

Protestçileriň käbiri soň, koronawirus pandemiýasy wagtynda sanitariýa düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, 30 güne çenli azatlykdan mahrum edildi ýa-da jerime tölemeli boldy.

XS
SM
MD
LG