Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly blogçy Eduard Palçys 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Eduard Palçys
Eduard Palçys

Minskdäki kazyýet, geçen ýylky prezident saýlawynyň resmi netijelerine garşy çykan raýatlaryň dowamly basylyp ýatyrylmagynyň çäginde, meşhur blogçy Eduard Palçysy 13 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Minsk şäher kazyýetiniň kazysy Pýatro Arlou 17-nji dekabrda Palçysy sosial ýigrenji öjükdirmekde, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamaga we jemgyýetçilik tertibini bozmaga meçew bermekde, Belarusyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirip biljek çärelere çagyrmakda aýyplady.

Ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen kazyýet diňlenişikleri 6-njy dekabrda başlandy.

Palçys geçen ýylyň sentýabr aýynda, köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky kanuny bozmakda aýyplanyp saklanyp, ilki 30 gün azatlykdan mahrum edildi.

Emma ol 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda çykarylan höküm ýerine ýetirilenden soň hem boşadylmady. Netijede, häkimiýetler Palçysa garşy täze jenaýat işini açdylar. Ol syýasy maksatlydygyny aýdyp, özüne bildirilen aýyplamalaryň hemmesini ret etdi.

Palçys soňky aýlarda, häkimiýetleriň başgaça pikirlenýänleri rehimsiz basyp ýatyrmaklary netijesinde, 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen dawaly prezident saýlawyndan bäri iş kesilen onlarça belarusyň diňe biri bolup durýar.

Belarus oppozisiýasy we hukuk aktiwistleri ses berişligiň Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşyny uzaltmak üçin galplaşdyrylandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG