Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kongresi harby býujeti tassyklady: Ukrainany goldamak üçin $300 million berler


ABŞ Senaty indiki ýyl üçin goranyş býujetiniň taslamasyny tassyklady, onda Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine goldaw bermek üçin 300 million dollar serişde goýbermek nazarda tutulýar.

Kabul edilen resminama ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň garamagyna iberildi.

ABŞ häkimiýetleri 2022-nji ýyldaky harby harajatlar üçin 770 milliard dollarlyk serişdäniň zerur boljakdygyny aýdýarlar.

Bu harby çykdajylara geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5% köp serişde goýberiljekdigini aňladýar.

Ýewropa Goranmak inisiatiwasyny goldamak üçin býujetden 4 milliard dollar, Baltika döwletlerini goramak üçin 150 million dollar serişde goýbermek göz öňünde tutulýar.

Geljek ýyl üçin tassyklanan harby býujet taslamasynda rus-nemes gaz geçirijisi, “Demirgazyk akym-2” babatda sanksiýa girizmek göz öňünde tutulmaýar.

XS
SM
MD
LG