Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sokurow Putin bilen eden dawasy üçin ötünç sorady, howpsuzlygyny alada edýär


Režissýor Aleksandr Sokurow
Režissýor Aleksandr Sokurow

Režissýor Aleksandr Sokurow Orýsetiň prezidenti Wladimir Putin bilen bolan dawa üçin ötünç sorady we özüne howp abanýandygyny aýtdy.

RBK neşiriniň degişli maglumata salgylanyp ýazmagyna görä, ol bu barada prezidentiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň baştutany Waleriý Fadeýewe ýazmaça ýüz tutupdyr.

Režissýor öz ýazan hatynda Putin bilen eden dawasy üçin ötünç sorapdyr, onuň sözlerine görä, bu dawa Fadeýew üçin “prezident administrasiýasynda köp amatsyzlyk döredip biler”.

"Meniň eden çykyşyma prezidentiň metbugat sekretarynyň [Dmitriý Peskowdan] bildiren gaharly reaksiýasyny görkezdiler. Ol mamla, men diletant we, ol geňeş ýaly abraýly guramada orun almaly adam däl” diýip, RBK hatdan sitata getirýär.

Sokurow öz dostlarynyň janyna howp abanmak ähtimallygy barada duýduryş berýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, öldürilmezliginiň ýeke-täk kepilligi diňe Putiniň bu ýagdaýa gatyşmagy bolup biler.

"Biziň ýurdumyzda žurnalistika howply bir kär bolsa, näme üçin maslahat beriji döwlet edarasyna agza bolmak aýratyn goralmaly däl?" diýip, hatda soralýar.

Režissýor öz ýazan haty barada düşündiriş bermekden saklandy, Fadeýew Sokurowy köşeşdirjek bolýandygyny aýtdy we başga düşündiriş bermekden saklandy.

Orsýetiň Adam hukuklary geňeşiniň golaýda prezident bilen geçiren ýygnagynda Aleksandr Sokurow bilen Wladimir Putiniň arasynda çekişme döredi.

Režissýor "indiden beýläk özleri bilen bir döwletde ýaşamak islemeýänleriň ählisini" Orsýetden goýbermegi teklip etdi. Şeýle-de ol Kawkaz respublikalarynda ruslary "barha we barhan kän halamaýandyklaryny”, olaryň ruslar bilen “aýrylyşmak isleýändiklerini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG