Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiçi Berdimuhamedow Balkana geldi, bazarlarda TW üçin bolçulyk döredildi


Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji dekabrda orunbasary Serdar Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolmagy tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji dekabrda orunbasary Serdar Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolmagy tabşyrdy.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Balkan sebitine iş saparyna geldi, bazarlarda emeli bolçulyk we arzançylyk döredilýär diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Bu sapar türkmen prezidentiniň 17-nji dekabrda baýramçylykdan öň bazar nyrhlaryna gözegçilik etmek we beýleki çözülmeýän meseleler barada beren tabşyryklary bilen bagly. Türkmen häkimiýetleri ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlap, köp adamly nobatlary dükanlaryň ýeňselerine ýa irki sagatlara geçirip, kesgitli bahadan berilýän önümleri adamlaryň öýlerine paýlap, döwlet TW-sinde bolçulyk sahnalaryny görkezmek ýaly emellere ýüz urmakda tanalýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet mejlsinde wise-premýerler Çary Gylyjowa hem-de Serdar Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolmagy tabşyrdy.

Olar Oba milli maksatnamasynyň, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport edilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmaly.

Şeýle-de prezident orunbasarlaryndan bazarlara we dükanlara baryp, harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli meseleleri anyklamagy we çözgüt tekliplerini taýýarlamagy talap etdi.

Görnüşinden, kiçi Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky sebit saparlary balkandan başlanypdyr.

Ýerli häkimiýetler Aşgabatdan geljek nobatdaky barlagy býujet edaralarynyň işgärlerini, esgerleri Bereket, Magtymguly, Serdar etraplaryndaky ekin meýdanlarynda mejbury şugundyr ýygymyna çekmek bilen garaşylýar.

Prezidentiň täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bazar nyrhlary barada beren tabşyrygy bolsa, bazarlardaky nyrhlaryň ýene bir gezek berk gözegçilige alynmagyna sebäp boldy.

Il içinde “Çeramuşka” diýilýän kenar bazarynda, Nebitdagyň merkezi daýhan bazarynda satyjylardan 1 kilogram eti 20 manat, 1 kg sogany 3 manat, kartoşka, tüwi ýaly önümleri 5 manat, almany 4 manat, mandarini 10 manat nyrhyndan, ýalan, göz üçin ýazylan wagtlaýyn bahalardan satmagy talap edýärler diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “myhmanlar gidýänçä, bazarlara ýönekeý raýatlary goýbermeýärler, sebäbi bazarlardaky hakyky bahalar wagtlaýyn ýazgylarda görkezilýäninden telim esse ýokary bolup durýar”.

Şeýle-de, Balkandaky habarçymyz kiçi Berdimuhamedowyň barýan bazarlaryndan döwlet TW-si üçin ýazgy edilýändigini, ol bazarlarda emeli bolçulygyň döredilendigini, tekjeleriň her dürli azyk önümlerinden doldurylandygyny habar berýär.

Ýagdaýdan habarly adamlar wise-premýer gelende TW üçin ýazgy edilen azyk önümleriniň soňra ýygnalyp, ýokary derejeli resminiň indiki barjak bazarlaryna eltilýändigini aýdýarlar.

“Türkmenhowaýollarynyň” iki uçary welaýatlarda Serdar Berdimuhamedowyň baryp görjek bazarlarynda emeli bolçulyk döretmek, haryt daşamak üçin ulanylýar diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmen aýtdy.

Türkmenistanda durmuşda bar bolan meselelsi çözmegiň ýerine wagtlaýyn, TW habarlary üçin "gülala-güllük" sahnalaryny döretmek praktikasy sowet ýyllaryndan uç alýar we, şol döwürde radio-telewideniýede kän berlen "Gözel ýurdum gül ýalak" aýdymy ilat arasynda ajy gülki döredýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG