Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow orunbasaryna oba, nyrh, önümçilik meselelerini öwrenip, teklipli gelmegi tabşyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa maýa goýum işjeňligini berkitmek, ilat ýazuwyny halkara tejribeleri esasynda geçirmek, bazarlara, dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde çözülmeli meseleleri anyklap, indiki mejlise teklipli gelmek tabşyrygyny berdi. Bu tabşyryklar kiçi Berdimuhamedowyň soňky 30 ýylda iki prezident tarapyndan çözülip bilinmedik meseleleriň çözgüdini tapmalydygyny yşarat edýär.

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde daşary ýurtlardan maýa çekmek we karz alnan serişdeleriň hasabyna gurlan desgalaryň doly taslama güýjünde işledilmegi barada mundan öňem ençeme tabşyryk berlipdi. Indi, resmi habara görä, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşyk iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar bermek baradaky karara gol çekdi.

Bu karar milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek we ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmek, giň möçberli döwlet maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Döwlet baştutanynyň sözlerinden çen tutulsa, täze kompaniýa milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmek bilen meşgullanar.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan geljek ýylda uçdantutma ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, hökümet mejlisinde ikinji ara alnyp maslahatlaşylan mesele ilat ýazuwy barada boldy.

TDH-nyň maglumatyna görä, kiçi Berdimuhamedow 2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Emma habarda hasabatyň jikme-jiklikleri açylmaýar.

Türkmenistanyň prezidenti nobatdaky ilat ýazuwyny geçirmek hakyndaky karara 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda gol çekipdi.

Şondan bäri prezident wagtal-wagtal ilat ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlary diňleýär we şol bir mazmunly tabşyryklary berýär. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen hökümet mejlisinde hem oňa 2022-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berildi.

Häkimiýetler ýurduň ilat sanynyň 6 million adamdan geçendigi aýdylan hem bolsa, Türkmenistanyň soňky otuz ýyldaky ilat sany köpler üçin sorag bolmagynda galýar.

Resmi Aşgabat 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini yglan etmän, bu meseläniň töweregindäki soraglary has-da köpeltdi.

Emma muňa garamazdan, döwlet baştutany ýene bir gezek bu çäräniň ähmiýetini nygtady, onuň baş maksadynyň ilatyň demografiýa düzümi we ýurt raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi.

Mundan başga, prezident wise-premýere sebitlerde bolup, obalaryň ýagdaýy, önümçilik meseleleri bilen tanyşmagy hem tabşyrdy.

Hökümet mejlislerinde berilýän ösüş hasabatlarynyň arasynda bildirilýän nägilelikler, kadr çalyşmalary, käýinçler we soňky duýduryşlar, ýurt içinden syzyp çykýan azyk nobatlary maglumatlary bilen bir hatarda, “Oba milli maksatnamasy”, “daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek”, “beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak” barada berilýän tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini sorag astyna salýar. Megerem şu sebäpden, prezident orunbasaryna bu tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen “ýerinde tanyşmagy” tabşyrdy.

Mundan öň Serdar Berdimuhamedowyň, prezidentiň abraýyna zeper ýetirýär diýip, azyk nobatlaryndan nägile bolandygy we şondan soň kesgitli bahadan berilýän çöregiň daňdan, garaňkyda satylyp başlandygy habar berlipdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýar we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlaýar. Ýöne kiçi Berdimuhamedowa nyrhlar bilen tanyşmak barada berlen soňky tabşyryk prezidentiň emele gelen ýagdaýdan habarynyň bardygyny yşarat edýär.

S.Berdimuhamedow bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmeli, sebitlerde bolup, oba ýerlerinde çözülmeli meleler barada tekliplerini taýýarlap, Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermeli.

Türkmenistanyň çözülmeýän oba we azyk meseleleri garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ilatyň ilki şäherlere, soň daşary ýurtlara köpçülikleýin migrasiýa etmegine sebäp boldy we, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, bu ýagdaýlar ýurtdaky ykdysady kynçylyklary resmi taýdan tassyklamakda we daşary ýurt maýalaryny netijeli ulanmakda uly kynçylyk çekýän häkimiýetleriň geljek ýyl geçirjek ilat ýazuwyny hem öňünden sorag astyna alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG