Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Änewliler gyşyna läbik, tomsuna tozan bolup duran köçäniň ençeme ýyl bäri bejerilmeýändigini aýdýarlar


Änew şäheriniň iň köp ilatly punktlarynyň biri hasaplanýan Magtymguly etrapçasyndaky köçeleriň biri
Änew şäheriniň iň köp ilatly punktlarynyň biri hasaplanýan Magtymguly etrapçasyndaky köçeleriň biri

Aşgabadyň gündogaryndaky Änew şäheriniň iň köp ilatly punktlarynyň biri hasaplanýan Magtymguly etrapçasyndaky köçeleriň biriniň indi ençeme ýyl bäri bejerilmeýändigini, onuň gyşyna läbik, tomsuna tozan bolup durýandygyny, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Çagyl, gum dökülen bu köçe gyşyna ýagyş, gar ýagandan soňra läbik palçyga çümýär. Bu etrapçada ýaşaýan adamlaryň aglabasy Aşgabada ýa-da Änew şäherine işe gatnaýar. Adamlar güýz, gyş aýlarynda bu palçygyň içinden ýöräp, awtobus duralgasyna gitmeli bolýandyklaryny aýdyp, şikaýat edýärler” diýip, bu etrapçanyň ýaşaýjylarynyň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy anonim şertde 14-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu köçede ulagly geçmek hem çykalga däl, sebäbi ondan bir gezek geçseň, ulagyň tutuşlygyna laý, palçyga çümýär. Palçykly, hapa ulag bilen bolsa, şäher merkezine ýa-da Aşgabada girseň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri dessine jerime salýarlar.

“Ulagy her gün ýuwmak hem amatly däl. Şonuň üçin adamlar pyýada gitmäge mejbur bolýarlar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy bu köçäniň ýerleşýän territoriýasynda döwlet tarapyndan 2012-nji ýylda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň başlanandygyny, ýöne bu gurluşygyň henize çenli tamamlanmaýandygyny hem aýtdy.

“Bu etrapçadaky jaýlaryň gurluşygy mundan 3-4 ýyl çemesi ozal togtadyldy. Gurluşyk togtany üçin ýoly bejermek işlerine asla-da girişilmedi” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, aglaba howly jaýlaryň ýerleşýän bu etrapçanyň ýaşaýjylary köçäniň bejerilmegini haýyş edip, ýerli häkimiýetlere birnäçe gezek ýüzlense-de, netije alyp bilmändirler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň metbugatynyň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, ýurtda her ýyl müňlerçe kilometr ýola daş, asfalt düşelýär, ýollar bejerilýär, köprüler gurulýar, welaýatlarda we obalarda ugurlar, ýollar kämilleşdirilýär.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary we ýerli synçylar şäher, etrap, oba ýollarynyň we köçeleriniň soňky 30-40 ýylda köplenç ünsden düşürilendigini, olarda yşyklandyryş hem-de lagym suwlary geçirýän ulgamlaryň kadaly ýola goýulmandygyny aýdýarlar.

Ýanwar aýynyň başynda Lebabyň Türkmenabat şäherinde köçeleriň bejerilmän, ençeme ýyl bäri ünsden düşürilendigi sebäpli gar, ýagyşdan soň köçeleriň ençemesiniň läbige çümendigini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy habar berdi.

“Ýagyşdan soňky ýagyn suwlary, läbige çümen köçeler arassalanmaýar. Batgadan, suwdan ýaňa ýörär ýaly däl” diýip, habarçy belläpdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ulag sürüjileriniň ençemesi köp wagtdan bäri bejerilmeýän köçeleriň öz ulaglaryny hatardan çykarýandygyny we munuň käte ýol hadysalaryna sebäp bolýandygyny gürrüň berdiler.

Şäheriň tas ähli köçesiniň diýen ýaly sandan çykandygyny, olardaky oýuklaryň doly däl-de, diňe bölekleýin bejerilendigini habarçy aýdypdy.

Mundan öň bolsa, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Buluç oba”, “Mir”, “Gyzyl daýhan” obalary bilen 7-nji sowhozynda ini 12 metr giňeldilip, 1 metr belentlikde gum dökülüp taşlanan köçeleriň ýagyş ýaganda halkyň durmuşyny kynlaşdyrýandygyny, Azatlyk Radiosy habar beripdi.

Türkmen metbugatynda ýurduň içinden geçýän ähli ýollaryň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigi barada reportažlar görkezilse-de, ýurduň dürli welaýatlaryndaky hatardan çykan ýollar, köçeler we munuň ilata döredýän kynçylyklary barada mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG