Belarus özüniň Londonda ýerleşýän ilçihanasyna bir topar adamyň hüjüm edip, ilçihananyň haýatyna zyýan ýetirendigini, özüniň birnäçe diplomatyna fiziki hüjüm edilendigini we bir diplomatynyň “agyr” ýaralanandygyny öňe sürýär.
Londonyň Metropol polisiýasy 19-njy dekabrda diplomatik wekilhananyň daşynda turan goh-galmagala polisiýanyň çagyrylandygyny aýtdy. Şeýle-de, polisiýa bir “ilçihana işgäriniň özüne hüjüm edilip, ýüzüniň ýaralanandygyny aýdandygyny” mälim etdi.
Polisiýa 20-nji dekabrda beren beýanatynda bir adamyň saklanandygyny we derňew işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Sosial media maglumatlaryna görä, wakanyň bolan güni ilçihananyň daşynda kiçi demonstrasiýa geçirilipdir.
Belarus Daşary işler ministrligine görä, ýaralanan diplomat “tiz-kömek ýardamyna” mätäç bolupdyr, hem-de onuň burny we dişi döwlüpdir, ýeňil sarsgyn geçiripdir.
Ministrlik hüjümde aýyplanýanlaryň “emigrasiýadaky Nadzeýa radikal toparyna” degişlidir öýdülýändigini aýtdy.
Feýsbukda şol bir ady göterýän topar “düýn bolan eýmenç waka bilen özüniň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny” aýtdy.
Topar geçen ýyl geçirilen dawaly saýlawlardan soň özge pikirlilige garşy dowam edýän tutha-tutlugyň arasynda belarus oppozisiýasyny goldaýan ýaly bolup görünýär. Oppozisiýa syýasatçylary we aktiwistler saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýtdylar.