Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina eks-prezident Poroşenkony dönüklikde aýyplaýar


Ukrainanyň eks-prezidenti Petro Poroşenko. Arhiw suraty.
Ukrainanyň eks-prezidenti Petro Poroşenko. Arhiw suraty.

Ukrain häkimiýetleri öňki prezident Petro Poroşenkony ýurduň gündogar sebitlerinde hökümet güýçlerine garşy söweşýän rus goldawly separatistleriň maliýeleşdirilmegi bilen ilteşikli bolmakda aýyplap, oňa garşy dönüklik aýyplamasy boýunça resmi derňew işlerine girişdi.

Döwlet derňew býurosy 20-nji dekabrda Poroşenkonyň “dökünlikde” hem-de gündogar Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerine gözegçilik edýän separatistleri goldamakda güman edilýändigini aýtdy. Derňew býurosy separatistleri “terror guramalary” atlandyrdy.

Poroşenko 2014-2015-nji ýyllarda separatistleriň bahasy 1,5 milliard griwina ($54 million) barabar kömür satmaklaryna ýardam berdi diýip, beýanat aýtdy.

Häzir kanun çykaryjy bolan 56 ýaşly syýasatçy, eger höküm çyksa, 15 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Eks-prezident bu beýanat boýunça derhal teswir bermedi, ýöne Ýewropa Raýdaşlyk partiýasynyň ýokary derejeli agzasy Oleksandr Turçynow bu aýyplamanyň prezident Wolodymyr Zelenskiýniň görkezmesi bilen orta atylan “galp aýyplamadygyny” aýtdy.

Poroşenkonyň partiýasy onuň öňünden meýilleşdirilen sapar üçin ýurdy terk edendigini aýtdy.

Kiýew bölünip aýrylan sebit bilen söwdany 2017-nji ýylda gadagan etdi. Seperatistler ýurduň esasy kömür känleri ýerleşýän sebitleri ele geçirenden soňra Ukraina ýiti resurs ýetmezçiligini başdan geçirdi.

XS
SM
MD
LG