Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jemagat işgärleri gije ýatman, köçeleri güýçli ýeliň netijelerinden arassalady


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda turan güýçli ýel sebäpli köçelere gum, çäge we hapa-hupalar üýşdi. Ýollaryň gyralaryndaky plakatlary tozan basdy. Bu tebigy hadysa wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň saparyna berk taýýarlyk görýän Lebabyň häkimiýetlerini "iki işli" etdi. Welaýatyň jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri gijesi bilen ýatman, Türkmenabat şäheriniň köçelerini gaýtadan syryp-süpürip, ýuwup-ardyp, gerek ýerlerinde abatlaýyş işlerini geçirdiler.

21-nji dekabrda irden sagat 9-10 aralygynda Türkmenistanyň birnäçe welaýatynyň çäginde güýçli ýel turdy. Balkan, Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylarymyz güýçli ýeliň gumuň tozan bölekleri bilen garyşyp gelendigini we gysga wagtyň içinde daş-töweregi tozanly howanyň gurşap alandygyny aýtdylar.

Lebapdaky habarçymyz munuň netijesinde ýakyn aralygy görüp bolmandygyny we köp adamyň daşarda dem almakda kynçylyk çekendigini habar berýär.

"Köçä çykan sagat adamlar hem kelle beýnisine kislorod ýeter-ýetmezçiliginden dem almakda kynçylyk çekdi. Allergiýasy bar adamlaryň köpüsi öýden çykmady" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz güýçli ýel sebäpli Türkmenabadyň ähli köçelerini çäge basandygyny, olary arassalamak işlerine jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleriniň çekilendigini hem aýtdy. Ýöne ol esasy ünsüň Bitarap Türkmenistan köçesine gönükdirilendigini belledi.

"21-nji dekabrda giçlik sagat 7-den başlap resmiler ähli tagallalaryny şu köçä gönükdirdi. Işgärleriň tas ählisini şu ýola çykardylar. Olar "irden, ýagny 22-nji dekabrda ýol arassa bolmaly" diýdiler. Sebäbi 22-nji dekabrda welaýata prezidentiň ogly Serdar geldi. Işgärler tutuş gije ýatman, köçäni we onuň töweregini arassaladylar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow welaýatlara edýän saparynyň çäginde 22-nji dekabrda Türkmenabat şäherine bardy. Lebabyň häkimiýetleri onuň saparyna arassaçylyk işlerini geçirip, geçen hepdäniň ahyrynda taýýarlyk görüp başlapdy.

Habarçymyz bu taýýarlyklaryň puja çykandygyny aýdyp, 21-nji dekabrda agşam we 22-nji dekabrda daňdan jemagat işgärleriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ortasyndaky we gyrasyndaky alýumin desgalary elde ýuwup, köçeleri süpürmeli bolandygyny belledi.

Ýollary suwlaýan ýörite ulaglar, ýagny suw çelekleri daň atýança köçä suw sepdiler. Aeroportda prezidentiň suraty asylan, daşy çüýşe bilen örtülen, gijelerine yşyk bilen ýagtylandyrylýan diwar hem elde ýuwuldy.

Güýçli ýelden soň, sagat 21:50 töweregi ýyldyrym çakdy we Türkmenabat şäherinde, Çärjew etrabynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagdy.

Habarçymyz şäheriň käbir ýollaryny, şol sanda S.A.Niýazow köçesini arassalamak işleriniň heniz hem dowam edýändigini aýdýar.

Güýçli ýeliň ýetiren zyýanynyň gerimi barada häzirlikçe doly maglumat elýeterli däl. Azatlyk bu barada Lebap welaýat häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa hem alyp bilmedi.

Ýöne 21-nji dekabrda Balkandaky habarçymyz welaýatyň Bereket we Serdar etrap häkimlikleriniň orta mekdeplerde we edara-kärhanalarda duşuşyklary geçirip, güýçli ýel barada duýduryş berendigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda bolýan tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar. Bu barada adatça döwlet gözegçiligindäki türkmen media serişdelerinde-de hiç hili habar berilmeýär.

Şol bor wagtda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda bolýan tebigy hadysalara ýygy-ýygydan gynanç bildirýär. 14-nji dekabrda Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG