Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda we Balkanda tozanly ýel turdy


Illýustrasiýa suraty

Mary we Balkan welaýatlarynda güýçli tozanly ýel turdy. Bu barada habar berýän habarçylarymyz tozanly ýeliň netijesinde köçelere howadan çäge ýagýandygyny we uzak aralygy görüp bolmaýandygyny aýdýarlar. Balkanyň käbir etrap resmileri orta mekdeplerde we edara-kärhanalarda duşuşyklary geçirip, güýçli ýel barada duýduryş berdi.

Maryda we Balkanda güýçli ýel 21-nji dekabrda irden sagat 10 töwereginde başlandy. Bu makala efire taýýarlanýan wagty, ýel güýçlenip, dowam edýärdi.

"Prezidentiň ogly gelýänligi sebäpli ähli ýerlerde ýowar geçirilýär. Süpürilen, arassalanan, ýuwulan seýilgähler we köçeler çägä bürenýär. Adamlaryň zähmeti puja çykýar. Suwlanan köçeler derrew çägeden ýaňa batga bolýar. Köçeler çölüň çägesinden doly" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz ýowarlarda baglaryň aşaklarynyň, diwarlaryň, ýan ýodalaryň we jaýlaryň üçekleriniň reňklenendigini, ýöne ýel zerarly täze çalynan boýaglaryň reňkiniň tozan bilen garyşyp, gelşiksiz bolýandygyny hem aýdýar.

"Häkimligiň işgärleri bu bolýan howa hadysasyna çäre tapman, jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärlerine gygyrýarlar. Olar gaharlaryny işgärlerden çykarýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Bellesek, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji dekabrda Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýar. Munuň bilen bagly sebitde, hususan-da şäheriň Oguz han, Mollanepes, A.Nyýazow, Kemine köçelerinde köpçülikleýin ýowarlar geçirilýär. Bulara jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen birlikde, her kärhanadan azyndan 10 býujet işgäri çekilýär.

Balkandaky habarçymyz welaýatyň Bereket we Serdar etrap häkimlikleriniň orta mekdeplerde we edara-kärhanalarda duşuşyklary geçirip, güýçli ýel barada duýduryş berendigini habar berýär.

"Häkimligiň işgärleri 21-24-nji dekabrda güýçli ýeliň bolmagyna garaşylýandygyny aýtdylar. Olar adamlary seresaply bolmana çagyrdylar. Olar köçelerdäki köne sim sütünlerinden we köne awtobus duralgalaryndan daş bolmagy hem duýdurdylar" diýip, balkanly bir ýaşaýjy habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

"Bir tanyşym seýsmiki howpuň bolmak ähtimallygy barada Türkmenbaşynyň nebit zawodyna duýduryş berilendigini aýtdy" diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçymyz welaýatyň Akdaş pasýologynda tozanly ýel bilen bilelikde, wagtal-wagtal ýagyş ýagýandygyny habar berýär. Şeýle-de, ol ýel zerarly öýlän wagty welaýatyň gündogar etraplarynda elektrik energiýasynyň we öý telefon liniýalarynyň kesilmegi bilen bagly kiçi bökdençlikleriň wagtal-wagtal ýüze çykandygyny hem belledi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, sebitde Aşgabat-Türkmenbaşy uçar reýsleriniň ýatyrylmak ähtimallygy barada hem gürrüňler bar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada May we Balkan welaýatlarynyň häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, 19-njy dekabrda Türkmenistanyň goňşusy Özbegistanyň Samarkand we Kaşgaderýa welaýatlarynda hem güýçli tozanly ýeliň turandygy habar berilýär. Özbek Içeri işler ministrliginiň ýol hereketi howpsuzlygy müdirligi iki sebitde güýçli ýeliň we tozan tupanlarynyň turandygyny tassyklady.

Soňky aýlarda ýurduň çäklerinde güýçli ýeliň turmagy bilen bagly tebigy hadysalar ençeme gezek ýüze çykdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG