Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda çäklendirmeler güýçlendirilýär, gizlin taksileriň çöldäki kynçylyklary oba ýaşaýjylary üçin gazanç çeşmesini döredýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gaýtadan güýçlendirilýän karantin çäklendirmeleri harby gullukdan boşap, öýlerine dolanýan esgerlere hem täsir ýetirýär. Täze düzgüne görä, esgerlerden iki gezek COVID-19 testini tabşyrmak talap edilýär. Şeýle-de, ýurtdaky hereket çäklendirmeleri "ýolsuz ýerden ýol ýasap" syýahat edýän hususy taksi sürüjileriniň çölüň içinde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap we Mary welaýatlaryndan maglumat berýärler.

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda çagyryş boýunça harby gulluk borjuny tamamlan esgerleri otly arkaly öýlerine getirmek işleri alnyp barylýar.

29-njy dekabra çenli dowam etjek bu çäräniň çäginde esgerlerden iki gezek koronawirus testini tabşyrmak talap edilýär. Bularyň birinjisi esgerler otla münmezden bir gün ozal we ikinjisi ýaşaýan sebitine baryp, otludan düşenden soňra amal edilýär.

"Mundan bir hepde öň men gullukdan gelýän jigimi almak üçin daňdan sagat 5-de Türkmenabat şäheriniň wokzalyna bardym. Otly sagat 6:30-da geldi. Men bir sagat gowrak garaşdym, ýöne jigim wokzaldan çykmady. Soňra men munuň sebäbi bilen gyzyklananymda, wokzalyň gapysynda duran polisiýa işgäri esgerlere COVID-19 testiniň edilendigini we onuň netijesiniň 5-6 sagatdan belli bolýandygyny, şondan soňra esgerleriň wokzaldan öýlerine goýberiljekdigini aýtdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly zenan habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz Türkmenabadyň wokzalyndaky çeşmesine salgylanyp, mundan öň esgerlere diňe bir gezek - otla münmezden bir gün ozal - test edilendigini aýdýar.

"Karantin sebäpli täze çäklendirmeler girizildi. Şol çäklendirmeleriň çäginde indi esgerler iki gezek test tabşyrmaly" diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenabatda karantin çäklendirmeleriniň güýçlendirilýändigi baradaky maglumat ýurduň Balkan welaýatynda Gazagystandan gelen türkmen raýatlarynda COVID-19-yň "omikron" görnüşiniň tapylandygy hakdaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynyň ahyrynda berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Bu waka ýurtda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň görnetin köpelendigi barada habarlaryň gelip gowuşan mahalyna gabat gelipdi.

Bu çäklendirmeleriň çäginde bazarlar, ilata hyzmat ediş nokatlary we güýmenje merkezleri ýapyldy, ýurt ilatynyň hereketi, şol sanda welaýatlaryň arasynda sapar etmegi düýpli çäklendirildi. Häzirki wagtda ilat, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, bir welaýatdan beýleki bir welaýata diňe uçarda ýa-da ýörite resminamalar esasynda ulagda sapar edip bilýär.

Bu aralykda, Mary welaýatyndaky habarçymyz bu çäklendirmelere garamazdan, hususy ulagynda kireý edýän käbir taksi sürüjileriniň "ýolsuz ýerden ýol ýasap", gizlin syýahat edýändigini we çölüň içinde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan taksi sürüjileri çägeli depelerden geçende, ulaglaryň köplenç guma batýandygyny we olary çykarmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, bu kynçylyklar bolsa, çölüň içindäki obalarda ýaşaýan käbir adamlar üçin täze gazanç çeşmesini döretdi.

"Biz çägeli depeleriň ýerleşýän ýerine girmezden öň, bu töwerekde ýaşaýan adamlar gumuň içinde durýarlar. Biz olaryň telefon belgilerini alýarys. Ulagymyz çägä batsa, olary kömege çagyrýarys. Olaryň dördüsi ulagy çägeden çykarmaga kömek edendigi üçin 100 manat töleg alýar" diýip, taksi sürüjisi aýtdy.

Taksi sürüjileri özleriniň ýolagçylardan alýan kireý pullarynyň belli bir bölegini şu hyzmat üçin sarp etmeli bolýandyklaryny hem bellediler.

Habarçymyz häzirki wagt hususy taksi sürüjileriniň Türkmenabatdan Mara sapar etjek bir adamdan 600 manat, Türkmenabatdan Daşoguza sapar etjek bir ýolagçydan 1000 manat töleg alýandygyny hem aýtdy. Bu resmi kursda 170-285 dollara deňdir.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar häzirki karantin şertlerinde hususy taksilerde sapar etmegiň hem aňsat, hem-de arzan düşýändigini gürrüň beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri ne çäklendirmeler, ne-de olaryň ilata ýetirýän täsirleri we netijeleri barada aç-açan beýanat bilen çykyş edýär. Bular barada döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG