Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ÝOJ-ynda talyplardan Täze ýyl baýramçylygy geçýänçä umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäherindäki ýokary okuw jaýynyň rektory (ÝOJ) talyplaryň ählisine Täze ýyl baýramy mynasybetli berilýän dynç alyş günlerinde umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy buýurdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndaky çeşmämiz bu buýrugyň Täze ýyl baýramçylygynda geçiriljek oturylyşyklaryň öňüni almak maksady bilen berilendigini aýtdy. Talyplardan edilýän bu talabyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

"Institutyň dekany Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda, kwartiralarda ýaşaýan talyplara umumy ýaşaýyş jaýlaryna göçmegi tabşyrdy. Bu talap gyşky dynç alyş günleri tamamlanýança dowam eder" diýip, çeşmämiz habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, institutyň rektory talyplaryň bu döwürde alkogolly içgileri içmeginden we "nädogry adamlaryň üýşmeleňine gatnaşmagyndan" alada edýär.

Çeşmämiz gürrüňi edilýän "nädogry adamlaryň üýşmeleňi" diýýänini aýdyňlaşdyrmasa-da, şeýle ýagdaýlar üçin prezidentiň ÝOJ-yň rektoryny we dekanlaryny wezipesinden boşadyp ýa-da türmä basyp bilýändigini hem öňe sürdi.

"Institutda okaýan talyplaryň arasynda baý maşgalalaryň çagalary hem bar. Welaýatlardan gelen bu talyplar şäherde kwartirany kärendesine alyp ýaşaýarlar ýa-da olaryň özleriniň kwartiralary bar. Olar kwartiralardan instituta gatnaýarlar. Şonuň üçin dekanlar bu talyplara doly gözegçilik edip bilmeýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Ol käbir gurply maşgalalaryň çagalarynyň okuwdan soň piwo içip, çilim çekip, oturyşyk edip bilýändigini belläp, institutyň rektorynyň we dekanlarynyň bu ýagdaýlaryň öňüni almaga synanyşýandygyny hem aýtdy.

"Täze ýyl baýramçylygy geçýänçä, umumy ýaşaýyş jaýynyň komendanty her gün irden we agşam talyplary bellige alyp, olara gol çekdirýär. Bu düzgüni bozan talyplara okuwdan çykarylmak howpy abanýar" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan ÝOJ-dan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, gyşky dynç alyş günleriniň näçe gün dowam etjekdigini we gürrüňi edilýän talabyň beýleki ÝOJ-lara hem degişlimi ýa däldigini hem anyklap bolmady.

Ýatlatsak, mundan öň Azatlyk Türkmenistanda ÝOJ-laryň talyplaryndan edilýän talaplaryň onlarçasy barada habar beripdi. Olaryň arasynda talyplaryň baýramçylyklarda ýa-da gyşky dynç alyş günlerinde öýlerine goýberilmezligi, olara oturyşyklary geçirmegiň gadagan edilmegi ýaly talaplar bar.

Ýöne talyplaryň Täze ýyl baýramçylygy geçýänçä umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamaga mejbur edilýändigi baradaky talap hakda Azatlyk ilkinji gezek habar berýär.

Häzirki wagt Türkmenistanda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 21 sany ýokary okuw jaýy hem-de 41 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 62 ýokary we orta hünär mekdebi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG