Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplardan ÝOJ-laryň zerurulyklary üçin nobatdaky gezek pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda okaýan talyplardan ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) zerurulyklary üçin nobatdaky gezek pul ýygnalýar. Bu barada birnäçe ÝOJ-yň talyplary Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdiler.

"Degişli ýerimizi subotnik edip, pil bilen depdirmeli. Şoňa 30 manatdan pul goşmaly. Bagbana pul ýatdan çykarmaň. Ertir hökman tabşyrmaly!" diýlip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bir talyplar toparyna messenjer arkaly iberilen hatda aýdylýar.

Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu hatyň suratyny çap etmekden saklanýar.

24-nji noýabrda iberilen hatda "kim goşmajak bolsa, soň gep-gürrüň etjek bolsa, şu wagt aýtsyn" hem diýlip, pul tabşyrmajak talyplaryň degişli ýerleri özleriniň baryp depmeli boljakdygy hem duýdurylýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan talyplaryň ençemesi bir günüň dowamynda hem özlerine degişli ýeri depmegiň, hem-de sapaklara gatnaşmagyň fiziki taýdan mümkin däldigini aýdýar.

"Şol sebäpli talyplaryň ählisi soralýan bu puly bermäge mejbur bolýar" diýip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň efirde adynyň tutulmazlygny soran bir talyby gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol diňe şu okuw ýylynyň dowamynda özlerinden eýýäm 10-a golaý gezek pul ýygnalandygyny hem aýtdy. Bu pullar agaç nahallaryny satyn almak, okuw jaýyny, otaglary we umumy ýaşaýyş jaýyny abatlamak, sport egin-eşiklerini, telpek we köýnek ýaly milli geýimleri satyn almak üçin ýygnaldy.

Aşgabatdaky birnäçe ÝOJ-yň ençeme talyby bilen gürrüňdeş bolan habarçymyzyň maglumatlaryna görä, talyplardan pul ýygnamak bilen bagly ýagdaý paýtagtyň tas ähli uniwersitetinde we institutynda gaýtalanýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji noýabrda sagat 13:30-17:00 aralygynda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi. Bu barada ýurduň Bilim ministrliginden hem kommentariýa alyp bolmady.

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda talyplardan okuw formasy, şeýle-de toý lybaslary, köpçülikleýin çäreler, welosiped, bag ekmek we beýleki maksatlar üçin ýylyň dowamynda ençeme gezek pul ýygnalýandygy barada Azatlyk yzygiderli habar berýär.

Awgustyň ahyrynda bolsa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýaly ÝOJ-laryň talyplarynyň her birinden 3400 manat pul ýygnalýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Sport egin-eşikleri üçin ýygnalan bu serişde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursunda tas $1000 barabardyr.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri talyplardan, mekdep okuwçylaryndan ýa-da býujet işgärlerinden mejbury pul ýygnamak çäreleri barada hiç hili mesele gozgaman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG