Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Umumy ýaşaýyş jaýlaryndan kwartira çykjak talyplardan 5 müň manat para soralýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky ýaramaz ýaşaýyş şertleri we berk düzgünler sebäpli welaýatlardan okamaga gelen has köp talyp kärendesine alnan kwartiralarda ýaşamaga isleg bildirýär. Bu isleg ýokary okuw jaýlarynyň käbir işgärleri üçin bikanun gazanç etmegiň, ýagny "para almagyň" ýene bir usulyna öwrülýär. Bu barada paýtagtyň ençeme ÝOJ-nyň talyplary Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

"Umumy ýaşaýyş jaýynda kadaly suw üpjünçiligi ýok. Oňa girseň çykyp, çyksaň girip bolanok. Irden sagat 6-da turmaly. Her gatda ýerleşýän hajathananyň we duşuň öňünde uly nobatlar emele gelýär. Suw köplenç sowuk bolýar. Otagda öz hasabyňa satyn alan holodilnigiňde azyk önümlerini goýsaň, ertiri ýitirim bolýar. Puluň ogurlanmagy bilen bagly wakalar hem köp bolýar" diýip, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bir talyby anonimlik şertinde 22-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ençeme ýokary okuw jaýynyň talyplary umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky şertleri esgerleriň ýaşaýyş tertibine meňzedip, şu sebäpli talyp oglanlaryň we gyzlaryň bu ýerde ýaşamak islemeýändigini belleýär.

"Para-berim şu pursatda ýüze çykýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň komendantlary, ýagny oňa gözegçilik edýän jogapkär işgärler talyplara güwä geçip biljekdiklerini aýdýarlar. Ýöne munuň üçin komendantlar talyplaryň her birinden 5000 manat para talap edýärler" diýip, Aşgabatda okaýan talyp aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Türkmenistanda beýleki sebitlerden gelip okaýan talyplardan ÝOJ-yň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak talap edilýär. ÝOJ-yň resmileri bu talabyň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermezden, talyplaryň kwartiralarda ýaşamagyna diňe iki ýagdaýda rugsat berýärler:

Birinjiden, ÝOJ-yň ýerleşýän şäherinde ýakyn dogan-garyndaşy bolan we muny resminama esasynda subut eden talyplar. Ikinjiden, umumy ýaşaýyş jaýyna jogapkär işgär talybyň ýakyn dogan-garyndaşynyň ýanynda, kwartirada ýaşajakdygy barada güwä geçen halatynda.

"Talyp jogapkär işgäriň isleýän parasyny bermäge razy bolsa, onda ol talybyň dogan-garyndaşlarynda ýaşajakdygyna güwä geçýär" diýip, talyp belledi.

Ol ylalaşyk gazanylsa, onda umumy ýaşaýyş jaýynyň jogapkär işgäriniň ÝOJ-yň rektoryna haýyş bilen ýüzlenýändigini we ondan talybyň öz ýakyn garyndaşynyň öýünde ýaşamaga rugsat bermegi soraýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Şeýlelikde, talyp ýa-da talyplar umumy ýaşaýyş jaýlaryndan çykyp, kärendesine alnan kwartirada ýaşap bilýär" diýip, ol belledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty we ýurduň Bilim ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Ýöne Türkmenistanda ýaşlaryň ÝOJ-lara okuwa ýerleşmek we okaýan talyplaryň baýramçylyklarda öýlerine gitmek, çärelerden boşadylmak, gowy bahalary almak ýaly meselelerde para-berimiň giňden ýaýrandygy barada Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we resmi media ýurduň bilim pudagyndaky para-peşgeş barada mesele gozgamaýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “ýol berlen kemçilikler üçin” diýip, bilime gözegçilik edýän iň ýokary ýolbaşçylara wagtal-wagtal berk käýinç yglan edýär. Ýöne olaryň anyk nähili kemçiliklere ýol berendigi we olary nädip düzetmelidigi anyklaşdyrylmaýar.

Häzirki wagt Türkmenistanda harby bilim berýän okuw jaýlaryndan daşgary 21 sany ýokary okuw jaýy hem-de 41 sany orta hünär derejesinde bilim berýän jemi 62 ýokary we orta hünär mekdebi bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG