Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dört gatly ýaşaýyş jaýlar ýykylýar


Aşgabat illýustrasiýa suraty)
Aşgabat illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de ýaşaýyş jaýlar ýykylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýykylýan dört gatly jaýlar şäheriň merkezindäki birnäçe köçede ýerleşýär.

Ýykylýan dört gatly jaýlar Türkmenbaşy Şaýoliniň, Atamyrat Nyýazow, Nurmuhammet Andalyp we Baba Jepbarow köçelerinde ýerleşýär. Ýaşaýjylar ýykylan jaýyň ýerine täze jaý bermek meselesinden alada galýarlar.

Azatlygyň habarçylaryndan biriniň sözlerine görä, käbir ýaşaýjylara Büzmeýinde ýa-da Parahat-8 etrapçasynda kwartira teklip edilipdir, ýöne bir ýyldan gowrak garaşmaly bolarlar. Mundan başga-da, täze kwartiranyň meýdany ýykylan jaýyňkydan uly bolsa, kwartiranyň eýesi goşmaça kwadrat metr üçin 3000 manat tölemeli.

Töleg bilen täze jaýda goşmaça giňişlik almak mümkinçiligi, bir tarapdan, adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmaga ýol açýar, ýöne köpleriň munuň üçin maddy mümkinçilikleri ýok. Şeýlelikde, ýykylan jaýlaryň ýaşaýjylary uzak wagtlap öýsüz galýarlar.

"Iki ýyl ozal golaýdaky çatrykda ilkinji jaý ýykyldy, garyndaşlar şol ýerde ýaşaýardylar. Olar Büzmeýinde hödürlenen jaýdan ýüz öwürdiler. Şu çaka çenli garyndaşlarynyňkyda ýaşaýarlar we Aşgabadyň merkezinde jaý berilmegine garaşýarlar. Köşide elitnyý jaýdan almak hödürlendi, emma olaryň muňa puly ýok" - diýip aşgabadyň bir ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň berdi.

Dört gatly binalaryň ýykylmagy ýene-de Täze ýylyň öňüsyrasyna gabat geldi. Şuňa meňzeş ýagdaý bir ýyl ozal hem bolupdy.

Dekabr aýynyň 20-sinde Atamyrat Nyýazow şaýolunyň, günbatardan Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň, gündogardan Nurmuhammet Andalyp köçesiniň we demirgazykdan Baba Jepbarow köçesiniň arasyndaky dört gatly jaýlardan we bir gatly hususy howlulardan ybarat kwartalyň ýaşaýjylaryna resmi habar geldi. Häkimiýetler bu jaýlaryň ýykylýandygyny ýaşaýjylara mälim etdi. Bu jaýlaryň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna habar berşi ýaly paýtagtyň häkimligi olara kompensasiýa bil baglamaly däldigini duýduryp, ýykylan jaýlaryň deregine “häzirki wagtda täze ýaşaýyş jaýy ýa-da planlaşdyrylan gurluşyk ýok” diýip habar beripdi.

Aşgabatda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy birnäçe ýyl ozal başlandy.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu jaýlar 50 ýyl mundan ozal gurlupdyr. Jaýlaryň kadaly ýagdaýyna we gyzgyn suw üpjünçiliginiň bardygyna garamazdan, olardaky kwartiralaryň bahasy ýaşy sebäpli hakyky bahasyndan pes hasaplandy. Bu ýaşaýjylar üçin täze jaý almakda goşmaça kynçylyklary döretdi.

Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlar üçin kwadraturasy deň jaý berilýär we artyk meýdany üçin goşmaça töleg talap edilýär. Jaý hususylaşdyrylman, "sosial kärendesinde" bolsa, ýaşaýyş jaýy adam başyna 9 metrden 11 metre çenli sosial kadalara laýyklykda berilýär. Ýöne ýykylan jaýda ýaşaýan adamlaryň sany köpelip, has uly jaý zerurlygy dörän ýagdaýynda has uly kwartira hödürleýärler. Emma bu ýerde mesele goşmaça tölege we birnäçe ýyllap dowam edip biljek nobata direlýär.

"Kompensasiýa bilen baglanyşykly ýagdaý düýbünden aç-açan däl, bu iň möhüm mesele. Kimdir biri kwartirany çalt alýar, kimdir biri birnäçe ýyllap garaşýar. Ýöne bu ýerde uly korrupsiýanyň täsiri bar - kwartira almagyň nobatyna para tölenmeli bolýar" diýip, aşgabatdaky çeşme aýdýar.

Bu ýagdaýda jaýlary ýumrulan aşgabatlylaryň kimdir biri garyndaşlary bilen ýaşaýar, kimdir biri jaý kireýine alýar. Kimdir birine köne jaý fondundan wagtlaýyn jaý berilýär.

"Bu soňky topara girýänler, adatça, jaý alýan iň soňkusy bolýar we müdimilik nobatda galýarlar. Olara 'ýaşamak üçin ýeriňiz bar, şonuň üçin sol ýerde boluberiň, garaşyň diýilýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Bu aralykda, Aşgabatda "elitnyý" diýilýän jaýlar köplenç boş durýar. Adamlar olary satyn alyp bilmeýärler. Sebäbi ýa-da kredir almaga mümkinçiligi ýok, ýa-da pudaklaýyn kärhanalar tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlaryň satylmak tertibi doly düzgünleşdirilmedik bolup çykýar. Köp "elitnyý" kwartiralar pudak edaralarynyň hasabyna gurulýar we ençemesi boş durýar.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda, döwlet baştutanynyň gözegçiligindäki şäher gurluşyk syýasatynda Aşgabatda kaşaň binalaryň ýa-da "elitnyý" kwartiralar diýlip atlandyrylýan ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy ileri tutulýar. Şol bir wagtyň özünde, şäher häkimligi şäheriň ýaşaýyş jaý problemalary we jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagy barada resmi düşündiriş bermeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe Aşgabadyň merkezinde we onuň töwereklerinde müňlerçe köp gatly we hususy jaýlar ýykyldy. Jaýlary ýykylan paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ençemesi kompensasiýa alyp bilmändigini habar berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG