Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Ukraina Putiniň serhetdäki gyzyşmada özlerini günäkärläp aýdan sözlerini ret edýär


Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki
Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki

Birleşen Ştatlar we Ukraina rus prezidenti Wladimir Putiniň 23-nji dekabrda guralan metbugat ýygnagynda öňe süren tassyklamasyny, Kiýewiň gündogar sebitinde harby hüjüm taýýarlaýandygyny inkär edýärler.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki "faktlaryň Russiýa bilen Ukrainanyň serhedindäki ýeke-täk agressiýanyň ruslar tarapyndan toplanan harby güýç we rus lideriniň ulanýan dawaçyl sözleri bilen baglydygyny açyk görkezýändigini" aýtdy.

Şeýle-de Psaki NATO-nyň goranyş ýaranlygydygyny we “Birleşen Ştatlardan ýa-da NATO agzalaryndan munuň beýle däldigini aňladýan” subutnama getirip bolmajakdygyny belledi.

Putin Günbatarda goşun bölümleriniň jemlenmegi we Ukrainanyň üstüne çozulmak ähtimallygy barada edilýän aladalar Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere garşy hüjüm etmek synanyşygynyň başlangyjy bolup biler diýen çaklamany öňe sürdi.

Ukrain resmileri hem Kiýewiň separatistlere garşy hüjüm etmek niýetiniň bardygyny ret etdiler we Ukrainanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleg Nikolenko Putiniň aýdan zatlary dogry däl diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 23-nji dekabrda Angliýanyň daşary işler ministri Liz Truss bilen bu ýagdaý barada maslahat etdi we britan resmisi hem NATO-nyň goranyş ýaranlygy bolup durýandygyny belledi.

Şeýle-de Truss Ukrainanyň "rus prowokasiýasynyň we agressiýasynyň öňünde öwgä mynasyp derejede saklanmagyny dowam etdirýändigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG