Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astrahandaky COVID-19 hassahanasynda turan ýangynda iki adam öldi


Arhiw suraty
Arhiw suraty


Russiýanyň günortasyndaky Astrahan şäherinde COVID-19 näsaglaryny bejerýän hassahanada turan ýangynda reanimasiýa bölüminde ýatan iki adam heläk boldy diýip, TASS habar gullugy we Ria Nowosti 24-nji dekabrda, gyssagly halas ediş gullugynyň çeşmesine salgylanyp habar berdi.

TASS hassahanada turan ýangynyň bada-bat öçürilendigini aýtdy.

Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň çap eden beýanatynda pidalaryň bardygy aýdyldy, ýöne goşmaça maglumat berilmedi.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň birnäçesi ýangynyň sebäbini elektrik liniýasyndaky näsazlyk bilen baglanyşdyrdy.

Şeýle-de habarlarda howa geçirijilerde hiç hili meseläniň bolmandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG