Sowet Soýuzy darganyndan soň Birleşen Ştatlar "ulumsy we özüne ynamly" boldy diýip, Mihail Gorbaçýow SSSR-iň prezidenti wezipesinden çekilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda çap edilen söhbetdeşlikde aýtdy.
90 ýaşly Gorbaçýow 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan soň Günbatarda, hususan-da ABŞ-da ýeňiş dabaralylygynyň bardygyny aýtdy.
Öňki sowet prezidenti "Nowosti" döwlet habar gullugyna beren we 24-nji dekabrda çap edilen interwýusynda Kremliň 1991-nji ýylda gowşak gepleşik pozisiýasynda bolandygyny, sebäbi Sowet Soýuzynyň ýykylmagynyň ykdysady bulam-bujarlyga getirendigini aýtdy.
"Şeýle ýagdaýda siz ABŞ bilen, Günbatar bilen nädip deň gatnaşyk gurmaga bil baglajak?" diýip, Gorbaçýow aýtdy. “Bu birinji mesele. Ikinji, ýene bir wajyp mesele bolsa, Günbatardaky ýeňiş dabaralylygy, hususan-da ABŞ-nyň ulumsylygy we özüne bolan ynamy olaryň başyny aýlady.”
Gorbaçýow NATO we Ukraina üstünde turan häzirki dawaly ýagdaýa ABŞ-nyň “täze imperiýa gurmak” isleginiň sebäp bolandygyny öňe sürdi.
Emma ol, Russiýanyň Ukraina bilen serhediniň golaýynda goşun jemlemegi netijesinde, Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda geçiriljek howpsuzlyk gepleşiklerini gutlady. "Men bu ýerde bir netije bolar diýip umyt edýärin" diýip, Gorbaçýow aýtdy.