Türkmenistanyň Saglyk we derman senagaty ministrligi “Sputnik Laýt” sanjymyny bellige aldy we onuň ýurduň çäklerinde ulanmagy üçin zerur bolan degişli şahadatnamany berdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan ozal Russiýanyň “Sputnik V” hem-de “EpiWakKorona” sanjymynyň ulanylmagyny makullan ilkinji ýurtlaryň biri bolupdy.
Türkmen neşiri häzir “Sputnik Laýt” sanjymynyň 15 töweregi ýurtda bellige alnandygyny, onuň netijeliliginiň, rus maglumatlaryna görä, 80 göterime ýakyndygyny habar berýär.
Türkmenistan şu wagta çenli dünýäde hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan tassyklamadyk ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Emma Azatlygyň habarçylary we beýleki garaşsyz çeşmeler türkmen häkimiýetleriniň müňlerçe adamyň ölümine getiren keselçiligiň netijeleriniň bile-göre ýaşyrylýandygyny öňe sürýärler.