ABŞ-nyň Goranmak departamenti Ukrainany ruslar çozan ýagdaýynda has çalasyn gaýtawul bermäge kömek etjek aňtaw maglumatlary bilen üpjün etmek meýilnamasynyň üstünde işleýär.
“Nýu-Ýork Taýms” gazeti bu maglumaty ýokary derejeli çeşmelere salgylanyp çap etdi. Ýokary derejeli çeşmeleriň sözlerine görä, eger-de bu meýilnama prezident Jo Baýden tarapyndan tassyklansa, Russiýanyň muňa dergazap bolmagy mümkin.
Edaranyň metbugat sekretary Jon Kirbiniň aýtmagyna görä, Pentagon işgärleriniň kiçiräk topary golaýda ýurduň howa hüjümlerinden goranmak zerurlyklaryna baha bermek üçin Ukraina sapar etdi.
ABŞ Ukrainany bireýýämden bäri tanka garşy ulanylýan “Javelin” raketalary bilen üpjün edýär diýip, “Amerikanyň sesi” belleýär.
Emma, Nýu-Ýork Taýmsyň bellemegine görä, Pentagonyň operatiw aňtaw maglumatlaryny bermek baradaky teklibi has ähmiýetli. Beriljek maglumatlarda rus goşunlarynyň hereketini görkezýän we olaryň serhetden geçmek niýetlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän şekiller hem bolar.
Makalada Baýden administrasiýasynyň ukrain hökümeti üçin öz wagtynda habarly bolmagyň näderejede möhümdigine düşünýändigi bellenilýär.
Söhbetdeşleriň biriniň gazete aýtmagyna görä, ABŞ-nyň ýörite gulluklary Kiýewe serhetde rus goşunlary jemlenmezinden öň köp möçberde maglumat elýeterliligini döretdi.